Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Июнь
2020

Harasatdan tas iki aý soň: Lebabyň käbir obalaryna günde diňe 2 sagat tok berilýär

0
Harasatdan tas iki aý soň: Lebabyň käbir obalaryna günde diňe 2 sagat tok berilýär

Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde bolan harasatdan bäri iki aýa golaý wagtyň geçendigine garamazdan, Lebabyň ençeme etrapdyr obasynda elektrik togy we öý telefon liniýalary heniz hem dikeldilmeýär. Käbir sebitleriň ilatyna elektrik energiýasy günüň dowamynda diňe 2 sagat berilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebaba sapar eden habarçysy habar berýär.

"Internet tas ähli ýerde işlemeýär, işleýän bolsa welaýatyň diňe 5%-nde işleýändir. Köp ýerlerde tok we öý telefonlary heniz hem dikeldilmändir. Farap etrabynyň "Goýgala", "Jendi", "Garamyş" we "Magtymguly" daýhan birleşiklerinde günüň dowamynda 2 sagat elektrik toguny berýärler. Çärjewde we Farapda bolsa tok, öý telefon liniýalaryny dikeldiş işleri başlapdyr" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 22-nji iýunda gürrüň berdi.

Ýatlatsak, 27-nji aprelde Lebap we Mary welaýatlaryna gelen apy-tupanyň netijesinde sebitleriň ýüzlerçe ýaşaýyş jaýyna we durmuş maksatly desgalara zeper ýetip, azyndan 37 adam ölüpdi we başga-da onlarçasy ýaralanypdy. Şeýle-de, şonda welaýatyň käbir sebitlerinde elektrik energiýasy, suw, Internet hyzmatlary we öý telefon liniýalary kesilipdi.

Habarçy harasatdan soň, Galkynyş etrabynyň Watan we Osty ýaly obalaryndaky käbir ýaşaýyş jaýlaryň haraba öwrülendigini aýdyp, olarda dikeldiş işleriniň heniz hem geçirilmändigine ünsi çekdi.

"Çärjewiň ençeme obasynda, şol sanda Gyzylýapda henizem durmuş dikeldilmändir" diýip, habarçy belledi.

Onuň sözüne görä, käbir sebitleriň ýaşaýjylary özlerine kömek edilmeýändigini aýdyp, köçelerde we döwlet binalarynyň öňünde hökümete garşy protest geçirmek çärelerini dowam etdirýärler.

"Lebaplylar adamyň ajaly ýetse hökman diktator gerek däldigine aprel wakasynda düşünene meňzeýär. Batyrgaý herekete geçen lebaplylary görse bolýar. Sebäbi Farap we Çärjew etraplarynyň hem-de Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary tas her gün diýen ýaly häkimligiň binasynyň öňünde protest geçirýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Mundanam başga, ol harasatdan soň heniz dikeldiş işleri geçirilmedik etraplara giren hem-de çykan adamlaryň Milli howpsuzlyk ministrliginiň ofiserleri we polisiýa işgärleri tarapyndan barlanýandygyny hem belledi.

"Organ işgärleri etraplara girip çykýan adamlaryň telefonlaryny barlaýarlar. Olar esasan-da wideolar we suratlar bölümini barlap, telefonynda hiç zat bolmadyk adamlary goýberýärler. Olar bu adamlaryň wideodyr suratlary Internet bar sebitlere baryp, Internete ýerleşdirmeginden alada edýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu barada Lebap welaýat häkimliginden we polisiýasyndan, şeýle-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň Türkmenabatdaky bölüminden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda aprel aýynyň ahyrynda Lebap we Mary welaýatlarynda bolan apy-tupanyň yzýany, onuň ilata ýetiren zyýany barada Internetde wideolar peýda bolup başlandan soň, Lebapda Internet hyzmaty kesildi we Türkmenabat bilen aragatnaşyga geçmek kynlaşdy.

Munuň bilen bir wagtda, Azatlygyň habarçylary zyýan çeken sebitleriň merkezi künjeklerinden beýleki ýerlerinde heniz hem abatlaýyş işleriniň geçirilmeýändigini we döwlet tarapyndan tas ýardam berilmeýändigini habar berip gelýärler.

Şu aýyň birinji hepdesinde Azatlygyň Marydaky habarçylarynyň biri apy-tupandan bir aý​ geç​endigine garamazdan, Garagum etrabynyň​ "Moskwa" we "Ak altyn" ýaly geňeşliklerinde hä​zire çenli elektrik energiýasynyň dikeldilmändigini habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri bu harasat we onuň netijeleri barada dymyşlygy dowam etdirýärler. Hatda 8-nji iýunda Lebap welaýatyna sapar eden prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem harasatyň netijelerini hiç hili agzamady.

Bu ýagdaý ýurt içinde we ýurduň daşynda, şol sanda Türkiýede, Demirgazyk Kiprde, Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýork hem-de Pitsburg ýaly şäherlerinde ýaşaýan ençeme türkmenistanlynyň nägilelik protestlerini geçirmegine getirdi.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин прибыл в Китай с рабочим визитом


Спорт в России и мире
Москва

Военно-спортивный фестиваль Росгвардии в «Лужниках» собрал более 20 000 москвичей и гостей столицы


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Кирилл Скачков

Кирилл Скачков из Новокузнецка стал победителем Игр стран БРИКС-2024


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Козлов: Россия и КНДР прорабатывают возможность запуска прямых рейсов





Путин в России и мире
Москва

СЕНСАЦИОННЫЙ ДОКЛАД ПРО ДЕЛО СКРИПАЛЕЙ, САФРОНОВА, ГОЛУНОВА.


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Евгений Маргулис

В ЦДКЖ 18 августа ждут любителей группы «Рекорд Оркестр» на Квартирнике Евгения Маргулиса



Москва

Ураган «Эдгар» в Перми прошел в виде ливня и сухого шквала

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net