Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Июнь
2020

ABŞ-nyň ilçisi Omarkulyýewiň harby gulluk möhletiniň eýýäm tamamlanandygyna ünsi çekdi

0
ABŞ-nyň ilçisi Omarkulyýewiň harby gulluk möhletiniň eýýäm tamamlanandygyna ünsi çekdi

Birleşen Ştatlaryň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyndaky missiýasynyň ýolbaşçysy, ilçi Jeýms S.Gilmore III Türkmenistanda adam hukuklarynyň we esasy azatlyklaryň ulanylmagynyň gaty çäklendirilendigini aýdyp, Gulgeldi Annanyýazow, Batyr Berdiýew bilen birlikde türkmen türmesinde dereksiz ýitendigi hasaplanýan Ömruzak Omarkulyýewyň ykbaly baradaky aladalaryny hem bildirdi.

Ýatlatsak, 2018-nji ýylda Türkiýede okaýan we studentleriň raýdaşlyk guramasyny döreden 26 ýaşly Ömruzak Omarkulyýew parlament saýlawlaryna synçy bol diýip, türkmen resmileriniň aldawy netijesinde Aşgabada getirildi we yzyna goýberilmedi.

Haçanda ol öz düşen ýagdaýy barada daşary ýurtlardaky neşirlere we guramalara habar berenden soň, aragatnaşyk mümkinçiliginden kesilip, ynamdar çeşmeleriň maglumatyna görä, şol ýylyň iýunynda 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Emma soň, bu işiň halkara jemgyýetçiligine mälim bolmagy netijesinde, 2019-njy ýylyň sentýabrynda onuň iki ýyllyk harby gulluga alnandygy hakynda şübheli bir wideo orta çykdy.

Dowamlylygy 3 minutdan az bolan wideoda Ömruzak Omarkulyýewiň başyna gelen wakalaryň ählisiniň toslamadygy, hamala, onuň 17 aý bäri, garaşsyz habar serişdelerinde ýazylýan zatlardan habarsyz, Türkmenistanyň öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirip ýörendigi aýdyldy.

Wideoda Ömruzak Omarkulyýew daňylan it bilen oýnaýar, harby lybasly adamlar bilen oturyp, telewizor görýär, nahar iýýär. Ýöne geň ýeri, wideonyň hiç ýerinde Ömrüzak gürlemeýär, hiç hili çykyş etmeýär. Galyberse-de, wideonyň 8 sekuntlyk segmenti 2 sekuntlyk bölekden kebşirlenipdir, ýagny bu 2 sekuntlyk bölek 8 sekundlyk epizody ýapmak üçin dört gezek gaýtalanýar.

Amerikan ilçisi Jeýms S.Gilmore III 4-nji iýunda ýaýradan beýanatynda Ömruzak Omarkulyýewiň eýýäm iki ýyllyk harby gullugy tamamlap, okuwyny dowam etdirip bilmelidigini nygtap geçdi.

 

Azatlyk Radiosy Omarkulyýewiň häzirki ykbaly barada onuň garyndaşlary bilen habarlaşyp bilmedi. Emma ynamdar çeşmeler ozalky studentiň häzirki güne çenli türme tussaglygynda saklaýandygyny belleýärler.

Resmi Aşgabat Omarkulyýew bilen baglylykda hakykatda bolan zat barada hiç wagt açyk düşündiriş bermedi we Ömruzagyň özi, garyndaşlary bilen açyk gürleşmek mümkinçiligini döretmedi.

Amerikan ilçisi Birleşen Ştatlaryň Türkmenistanyň türmelerinde uzak ýyllar bäri daşarky dünýä bilen habarlaşdyrylman saklanýan köp sanly wyždan ýesiri bilen görüşmek, gürleşmek mümkinçiligini döretmezliginden şindi hem alada galýandygyny aýtdy.

Ilçi bu adamlaryň maşgalalaryna olaryň saklanýan ýerleri we hal-ýagdaýlary barada habar berilmelidigini ýatlatdy, türkmen hökümetini BMG-niň Zorlukly ýa meýletin däl ýitirim bolmak boýunça işçi toparynyň ýurda gelmegine rugsat bermäge çagyrdy.

Halkara hukuk toparlary, şol sanda Türkmenistanyň türmelerinde tussaglaryň dereksiz we zorluk bilen ýitirim edilmegine garşy göreşýän “Olary diri görkeziň!” kampaniýasy türkmen hökümetiniň öz türme ulgamynda adamlaryň zorlukly ýitirim edilmegine ýol bermezlik barada beren wadalaryny ýerine ýetirmeýändigini aýdýarlar.

“Olary diri görkeziň!” kampaniýasy halkara jemgyýetçiligini, öz sözleri bilen aýtsak, Türkmenistanyň “sistemalaýyn” döwlet praktikasyna öwrülen ýitirim edilmeleri bes etmegi üçin “berk, yzygiderli” basyş etmäge çagyrýar.

“Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň türmelerinde ýüzden gowrak adam zorlukly ýagdaýda ýitirim edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин сообщил о планах благоустройства территорий школ и детских садов


Спорт в России и мире
Москва

Роман Костомаров поучаствовал в боксерской тренировке в Москве


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Андрей Рублёв

Теннисисты Рублев, Хачанов и Самсонова не сыграют на Олимпиаде-2024


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Собянин рассказал, как электробусы помогают улучшать экологическую ситуацию





Путин в России и мире
Москва

NetEase: США недовольны реакцией Путина на новые санкции из-за решения по юаню


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко обратился к Рамафосе




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Трамп назвал Зеленского «величайшим торговцем» и пообещал разобраться с траншами Киеву


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Рэпер ST

Рэпер ST встретился с участниками «Российской студенческой весны» в Ставрополе



Москва

Студентка УлГТУ стала участницей первого образовательного заезда арт-кластера «Таврида»

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net