Lebapda lukmanlara maýyplygy hasaba alynýan adamlaryň sanyny azaltmak tabşyrylýar
![Lebapda lukmanlara maýyplygy hasaba alynýan adamlaryň sanyny azaltmak tabşyrylýar](https://gdb.rferl.org/E4E0587D-623E-46A4-B047-6D7E2983C70D_cx0_cy12_cw100_w800_h450.jpg)
Lebap welaýat hassahanasynyň lukmanlar toparyna maýyplygy hasaba alynýan adamlaryň sanyny azaltmak barada dilden görkezme berildi. Şeýle-de, öň welaýat hassahanasynda 5 ýyl saglyk bejergisini alan näsaglaryň maýyplygy tassyklanan bolsa, indi bu möhlet 10 ýyla çykaryldy.