Wenesuelanyň prezidenti energiýa şertnamalaryna gol çekmek üçin Eýrana sapar etjekdigini aýtdy
![Wenesuelanyň prezidenti energiýa şertnamalaryna gol çekmek üçin Eýrana sapar etjekdigini aýtdy](https://gdb.rferl.org/EC036963-2FDA-42E8-8FDD-3D3878C93A13_cx27_cy6_cw73_w800_h450.jpg)
Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduro ýakyn wagtda Eýrana baryp, energiýa we beýleki pudaklar boýunça hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekjekdigini aýtdy. Bu waka Eýranyň Günorta Amerika ýurduna bäş sany ýangyç daşaýan tankeri ibermeginiň yzýanyna gabat geldi.
“Özüm gidip, halka minnetdarlygymy bildirmeli” diýip, Maduro 1-nji iýunda döwlet telewideniýesinde efire berlen çykyşynda aýtdy. Ol Eýrana etjek saparynyň senesi barada maglumat bermedi.
Mundan ozal Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Abbas Musawi, eger Wenesuela goşmaça ýangyç talap etse, onda Tähranyň Günorta Amerika ýurduna ýangyç eksport etmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.
Eýran bilen Wenesuelanyň ikisi-de ABŞ-nyň sanksiýalaryna sezewar bolup, Waşington şeýle ýükleriň öňüni almaga synanyşýar.
“Eýran Wenesuela bilen erkin söwda hukuklaryny durmuşa geçirýär we Karakas Eýrandan has köp resurs talap etse, biz has köp gämi ibermäge taýýar” diýip, Musawi 1-nji iýunda döwlet telewideniýesinde göni efirde görkezilen hepdelik metbugat ýygnagynda aýtdy.
Bir wagtlar Günorta Amerikanyň iň köp nebit öndürýän ýurdy bolan Wenesuela ýurtdaky çuňňur ykdysady krizis wagtynda, benzin ýetmezçiliginden ejir çekýär.
Birleşen Ştatlar tankerlere kömek eden hökümetleriň, deňiz portlarynyň, ýük daşaýjylaryň we ätiýaçlandyryjylaryň çäreler bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini duýdurdy.