Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Май
2020

Türkmenistanda COVID-19 garşy näme ulanýarlar?

0
Türkmenistanda COVID-19 garşy näme ulanýarlar?

Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň ýurtda COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýtmagynyň fonunda, ýurduň metbugatynda Türkmenistanyň koronawirusa garşy göreşiniň netijeliliginiň halkara derejesinde ykrar edilýändigi baradaky habarlar köpeldi. Şol bir wagtda-da, şu günki gün ýurtda iň köp ulanylýan serişdeler hlor we üzärlik bolup durýar. Üstesine, habarçylarymyz häzir dezinfeksiýa çäreleriniň esli azalandygyny Aşgabatdan habar berýärler. 

Azatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, şu günki gün paýtagtda hlor bilen jemgyýetçilik ýerlerini arassalaýarlar. 

"Şu gün Parahat etrapçalaryndaky 'Paýtagt' bazaryny arassaladylar. Ol ýapyk durdy. Onuň içini maskaly we ellikli, emma gorag geýimi bolmadyk adamlar ýuwdular. Içindäki asfalt öldi. Daşyndaky dükanlary hem arassaladylar. Aýnalaryny, gapylaryny we dükanlaryň daşyndaky asfalty. Hloryň ysy geldi. Ol ertire çenli ýapyk bolar" diýip, 8-nji maýda paýtagtdaky habarçylarymyzyň biri aýtdy we bazarlaryň wagtal-wagtal we belli bir günlerde dezinfeksiýa edilýändigini belledi. 

Şeýle-de, habarçylarymyzyň sözlerine görä, hloryň iň köp ulanylýan usullarynyň ýene biri ony esgä damdyryp gapylaryň tutawaçlaryndan asýarlar. Bu COVID-19 keseliniň ýokaşmazlygy üçin elleri arassalamak maksady bilen dezinfeksiýa serişdesi hökmünde ulanylýar. Hlorly esgileri jemgyýetçilik ýerlerinde, wokzallaryň girelgelerinde, banklarda we söwda merkezlerinde ýerleşdirýärler.

Emma habarçylarymyzyň bellemegine görä, bu çäre-de soňky wagda azalypdyr. 

"Öň ähli ýerlerde bardy, häzir bolsa ýok boldy. Soňky 10 günüň dowamynda men diňe bir gezek gördüm düýn wokzalda. Öň hlor damdyrylan esgileri her bir tutawaçda asyp goýýardylar" diýip, habarçymyz 8-nji maýda aýtdy.

Habarçylarymyzyň bellemegine görä, dünýäde giňden ulanylýan döwrebap antiseptikler hem şu günki gün Aşgabadyň jemgyýetçilik ýerlerinde göze ilmeýär.

"Häzir hatda sanitaýzerler ýok boldy. Öň her edaranyň girelgesinde bardy. Indi hlorly esgiler hem görnenok" diýip, habarçylarymyzyň ýene biri aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ilatyň gyzgynyny barlamak boýunça işler dowam edýär. Gyzgyny ölçemek çäreleri şäherleriň girelgelerinde döredilen barlag nokatlarynda lukmanlaryň we polisiýanyň gatnaşmagynda geçirilýär. Paýtagtyň içinde gyzgyny ölçemek boýunça işleriň indi göze ilmeýändigini habarçylarymyz belleýärler.

Şol bir wagtda-da, üzärlik tütetmek çäreleri ozalkysy ýaly batly depginde dowam etdirilýär. Okuw jaýlarynda, döwlet edaralarynda we jemgyýetçilik ýerlerinde üzärlik tütedilýär.

Koronawirusa garşy üzärlik bilen göreşmek inisiatiwasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli. 

Türkmenistanyň prezidenti peýdasy ylmy taýdan tassyklanmadyk üzärligi dünýäde COVID-19 pandemiýasynyň yglan edilen pursadynda wagyz edipdi. Şondan soň ähli ýerde tütedilip başlanan üzärligiň bahasy 10 esse ýokarlanypdy. 

Türkmenistanyň prezidenti koronawirusa garşy göreş boýunça tejribelerini başga ýurtlar bilen paýlaşmak taýýarlygyny birnäçe gezek beýan edipdi.

Sol bir wagtda-da, halkara bilermenleri Türkmenistandaky ýagdaýy öwrenmek üçin ýurda barmagy planlaşdyrýarlar.

4-nji maýda BSG-niň Ýewropadaky guramasynda missiýanyň Türkmenistana barmagy üçin zerur çakylygy alyp bilmeýändigini Azatlyk Radiosyna mälim etdiler.

5-nji maýda guramanyň müdiri Hans Klýuge Türkmenistanyň BSG-niň Ýewropaly missiýasyny kabul etmek boýunça çakylygyny oňlaýandygyny Twitterde habar berdi.   

Türkmenistanyň häkimiýetleri bu çakylygy we BSG-niň missiýasynyň planlaşdyrýan saparyny agzamadylar. Şol bir wagda-da, milli metbugat Türkmenistanyň koronawirusa garşy göreşiniň halkara guramalary tarapyndan netijeli diýip hasap edilýändigini yzygiderli habar berýär we BMG-niň Türkmenistanda akreditasiýa edilen resmilerini sitirleýär. 

Şeýle maglumatlar GDA gumasynyň media serişdelerinde hem peýda boldy. Hususan-da, 7-nji maýda SNG FM radiosy BMG-niň Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa boýunça prewentiw diplomatiýa merkeziniň müdiri Nataliýa Germanyň Türkmenistanyň COVID-19 garşy çärelerini netijeli diýip atlandyrandygyny habar berdi.

Türkmenistan BSG-niň koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça esasy rekomendasiýalarynyň ençemesini berjaý etmedi. Şol sanda sosial distansiýa saklamak üçin üýşmeleňlerden saklanmak we infeksiýanyň ýaýramazlygy üçin maska dakynmak ýaly maslahatlar berjaý edilmedi. Türkmenistanyň hökümeti ilata köpçülikleýin ýerlerde maska dakynmagy gadagan edýär we köpçülikleýin toý-baýramlaryny geçirmek üçin gurnaýan çärelerine müňlerçe adamy gatnaşmaga mejbur edýär. 

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: В этом году к проекту «Открой#Моспром» присоединился один миллион человек


Спорт в России и мире
Москва

Рок-версия гимна Белогорска прозвучала на масштабном рок-н-мобе


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Большой шлем

Рублёв и еще два российских теннисиста не сыграют на Олимпиаде в Париже


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Более 1 700 электробусов курсируют по автобусным маршрутам столицы





Путин в России и мире
Москва

Эрдоган рассказал о переговорах Фидана и Путина на тему выборов в курдских районах в Сирии


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко обратился к Рамафосе




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Трамп назвал Зеленского «величайшим торговцем» и пообещал разобраться с траншами Киеву


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Муз-ТВ

Джиган и Оксана Самойлова привели на “Премию Муз-ТВ” в Москве ту самую “диско-бабушку из Сыктывкара” – любимицу Сергея Лазарева



Москва

Почти 40 пар поучаствовали в турнире по конкуру на Кубок Гагарина в Щелкове

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net