Türkmenistan BSG-niň bilermenlerini COVID-19 ýagdaýyny öwrenmek üçin ýurda goýbermeýär
![Türkmenistan BSG-niň bilermenlerini COVID-19 ýagdaýyny öwrenmek üçin ýurda goýbermeýär](https://gdb.rferl.org/10569299-B702-46F3-A0D6-8F367C4ECE42_w800_h450.jpg)
Türkmenistan BSG-niň COVID-19 bilen bagly ýagdaýy öwrenmek üçin barjak bolýan missiýasyny ýurda goýbermeýär. Muňa garamazdan, türkmen ýolbaşçylary ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýdýan hem bolsalar, kesele garşy halkara tagallalaryny jebisleşdirmek ýaly inisiatiwalary bilen çykyş edýärler.