Wirusolog petiklenmegiň wagtyndan öň gutarmagy ölüm howply töwekgelçilikleri döreder diýýär
Birleşen Patyşalygyň Lankaster uniwersitetiniň wirusology Muhammad Munir hökümetleriň we jemgyýetçilik saglygy resmileriniň petiklenme çäklendirmelerini gowşatmazlaryndan öň has kän maglumat toplamalydygyny aýdýar. Ol AÝ/AR-nyň Balkan gullugy bilen söhbetdeşlikde kesel ýokaşmalarynyň ikinji tapgyrynyň täsirleriniň hatda birinji tapgyrdakydan has elhenç hem bolup biljekdigini aýtdy.