Özbek işewüri Rahimow öz adyny ABŞ-nyň sanksiýalar sanawyndan aýyrdyp bilmedi
![Özbek işewüri Rahimow öz adyny ABŞ-nyň sanksiýalar sanawyndan aýyrdyp bilmedi](https://gdb.rferl.org/67D8E93F-A637-4671-A3E2-AEF8537ADA9B_cx0_cy7_cw0_w800_h450.jpg)
Özbek işewüri Gafur Rahimow öz adyny Birleşen Ştatlaryň sanksiýalar sanawyndan aýyrtmakda şowsuz boldy. Rahimowyň ady bu sanawa onuň halkara geroin gaçakçylygy bilen ilteşiklidigi baradaky öňe sürmeler sebäpli girizilipdi.
20-nji aprelde Birleşen Ştatlaryň Kolumbiýa etrap sudy Rahimowyň öz adynyň 2012-nji ýyldaky sanawa goşulandygy üçin ABŞ-nyň Maliýe departamentine garşy gozgan sud arzasyny goldamajakdygy barada karar çykardy.
Bu sanksiýalar ABŞ-nyň raýatlaryna we kompaniýalaryna Rahimow bilen söwda etmegi gadagan edýär.
Rahimow jedelleriň fonunda wezipesinden çekilmezden ozal Höwesjeň halkara boks assosiasiýasyna (AIBA) ýolbaşçylyk edýärdi.
Ol adyny "galp aýyplamalardan" arassalamak niýetini aç-açan yglan edipdi.