Ýewropa COVID-19 bilen bagly käbir çäklendirmeleri gowşadýar
Soňky hepdelerde ykdysady we sosial basyşlaryň astynda bolan Ýewropanyň käbir hökümetleri koronawirus bilen bagly çäklendirmeleri gowşatmak boýunça deslapky hereketleri edýärler. COVID-19 ýogalanlaryň umumy sany Ýewropada 100 müň adama golaýlady.
Germaniýa 20-nji aprelde kiçi we orta dükanlary açmaga rugsat berýär, emma sosial distansiýany saklamak talabyny güýjünde galdyrar.
Ýewropanyň beýleki ýerlerinde, hususan-da Şweýsariýa, Daniýa we Finlýandiýa dükanlary we mekdepleri açyp başlaýar. Belgiýa, Gresiýa we Portugaliýa öz ykdysadyýetlerine ýol açyp başlamagy maýda planlaşdyrýandygyny mälim etdiler.
Çehiýa Respublikasy hem kiçi dükanlary açmagy planlaşdyrýar.
Italiýada, Ispaniýada, Britaniýada we Fransiýada keselhanalarda saklanýan näsaglaryň umumy sany 77 müň adamdan ybarat. Ýewropada ýogalanlaryň sany 97 müň adama golaý.
Italiýanyň hökümeti jemgyýetiň basyşy astynda käbir kiçi dükanlary açmak barada pikirlenýär.
ABŞ-da ykdysadyýete ýol bermek boýunça prezident Donald Trampa we hökümete edilýän basyşlar güýçlenýär, konserwatiw protestçileriň müňlerçesi öýde galmak boýunça çäklendirmelere garşy çykyş edip, ýöriş geçirýär.
Geçen hepdede Tramp ykdysadyýeti açmak boýunça üç tapgyrdan ybarat düzgünleri mälim etdi.