Özbegistan koronawirusa garşy çärelerini maý aýyna çenli uzaldýar
![Özbegistan koronawirusa garşy çärelerini maý aýyna çenli uzaldýar](https://gdb.rferl.org/A83889B7-979C-431C-BBB1-46984CA87AE6_w800_h450.jpg)
Özbegistan koronawirusyň ýaýramagynyň depginini gowşatmak boýunça çärelerini ýene üç hepde uzaldýar, şol bir wagtda-da käbir çäklendirmelerini gowşadýar.
Adalat ministrliginiň beýanatyna görä, 20-nji aprelde tamamlanmagyna garaşylan käbir çäklendirmeler 10-njy maýa çenli dowam eder. Azyk önümlerine degişli bolmadyk harytlary satýan dükanlar işlemez. Olaryň ählisi paýtagtda we onuň golaýyndaky etraplarda 24-nji martdan bäri ýapyklygyna galýar.
Şeýle-de, häkimiýetler pensiýalary nagt bolmadyk görnüşde bank kartlaryna geçirmek we dokumentlere elektron görnüşde gol çekmek sistemasyny girizmek hakynda karar çykardy.
Girizilen täze düzgünleriň birine görä, taksi sürüjileriň we ulagly kireý etmäge lisenziýasy bolan sürüjileriň ýolagçy gatnatmagyna rugsat berilýär, emma olardan ýüzüne maska dakynmak, ellik geýmek we goragly geýimli bolmak talap edilýär.
Resmi beýanatda koronawirus bilen bagly çäklendirmeler sebäpli Özbegistanda galan daşary ýurtlularyň wizasynyň 1-nji iýuna çenli uzaldylýandygy aýdylýar.
Resmi maglumatlara görä, Özbegistanda COVID-19 bilen kesellänleriň sany 20-nji aprelde 1 565 adama ýetipdir.