Owganystanyň prezident köşgünde 20-den gowrak işgäre koronawirus ýokaşdy
Owgan hökümetindäki çeşmeler prezident Aşraf Ganiniň köşgünde işleýän resmileriň azyndan 20 sanysynyň koronawirus barlagynda oňyn netije görkezendigini, bu ýagdaýyň 70 ýaşyndaky lideri öz işgärleri bilen aragatnaşygyny köp derejede çäklendirip, sanly aragatnaşyga geçmäge iterendigini aýdýarlar.
Ýokary derejeli owgan saglyk resmisiniň 18-nji aprelde “Roýters” habar gullugyna aýtmagyna görä, Kabuldaky prezident köşgüne gowşurylan resmi dokumentde kesel ýokaşan işgärleriň atlary bar, olaryň köpüsi ýaraman başlady we aprel aýynyň başynda synagdan geçirildi.
Bu dokument köşge beýleki bir hökümet departamentinden eltilip berildi diýip, anonimlik şertinde gürleşen resmi aýtdy.
“Ol işgärleriň käbiri analizleriň netijeleri belli bolanda hem öz iş otaglarynda işläp otyrdylar” diýip, resmi aýtdy we ýogsa olar we maşgalalary karantin astyna alynmalydy diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Ganiniň metbugat wekili Sedik Sedikki (Sediq Sediqqi) Siwil hyzmaty komissiýasy bireýýäm, hökümet resmilerinde saglyk barlaglary geçirilmezden öň, olaryň öýde galmalydyklaryny aýtdy diýdi.
Sedikki 18-nji aprelde bu buýrugyň güýjüniň ýene bir üç hepde möhlete uzaldylandygyny aýtdy.
Ganiniň aglaba işini wideo aragatnaşyk arkaly alyp barýandygy we diňe az sanly işgäri bilen ýüzbe-ýüz görüşýändigi aýdylýar.