Kosowanyň mediasy koronawirus krizisiniň dowamynda 'dartgynlylygy' güýçlendirmezlige çagyryldy
Ýewropanyň žurnalistler federasiýasy (EFJ) Kosowanyň mediasyny koronawirus bilen baglylykda saglyk krizisiniň dowamynda 'dartgynlylygy' güýçlendirmezlige çagyrdy.
4-nji aprelde çap bolan beýanatda Brusselde ýerleşýän gurama Kosowanyň RTK döwlet telewideniýesiniň we "Sinjali" täzelikler portalynyň serbleriň agtyklyk edýän Demirgazyk Mitrowitsa şäherindäki karantin barada "ýagdaýa we etika laýyk bolmadyk" görnüşde habar berýändigi aýdylýar.
“Käbir syýasatçylaryň, şol sanda Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiçiň we Kosowanyň prezidenti Haşim Taçiniň öz bähbitleri üçin koronawirus krizisini syýasy we sosial dartgynlylygy tutaşdyrmak üçin ulanýandygy mese-mälim" diýip žurnalistler federasiýasynyň baş sekretary Ricardo Gutierrez aýtdy we žurnalistleri "olryň bähbidi ugrundaky oýna gatnaşmazlyga we jemgyýetiň bähbiti ugrunda herekete" çagyrdy.
Kosowanyň serbleriň köpçüligindäki territorial bölünişikleri koronawirusyň ýaýramagy sebäpli goňşy Serbiýadaky ýaly adatdan daşary çäreleri girizdiler. Kosowanyň häkimiýetleri 145 adamyň keselländigini we üç adamyň ýogalandygyny aýdýarlar. Emma bu sanlar serbleriň köpçüligindäki Kosowanyň demirgazygyna degişli sanlary öz içine almaýar. Bu sanlarda 26 adamyň kesellänligi we bir adamyň ýogalandygy aýdylýar.