Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Апрель
2020

Marynyň ilaty azyk ýetmezçiligine närazylyk bildirip proteste çykdy, awtoýollary baglady

0
Marynyň ilaty azyk ýetmezçiligine närazylyk bildirip proteste çykdy, awtoýollary baglady

Mary şäherinde 3-nji aprelde azyk önümleriniň ýiti ýetmezçiligi sebäpli ýerli ýaşaýjylardan ençeme adam öz-özünden proteste çykdy. Aglaba köplügi aýallardan bolan topar owaly bilen bu welaýaty ýurduň beýleki çäkleri bilen baglanyşdyrýan awto ýoly baglady. Soňra bir topar jemagat regionyň administratiw merkezine ugrady. Olar un hem beýleki azyk önümleri bilen üpjün edilmegini talap etdiler.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň Mary welaýatyndaky ynamdar çeşmä salgylanyp aýtmagyna görä, şäheriň etegindäki obalardan jemlenendigi aýdylýan 30 çemesi aýaldan ybarat topar owal başda ir sagat 10-da "Täze bazaryň" ýanynda, Aşgabada gidýän ýoly baglapdyrlar. Olardan 10-12 aýal Mary welaýatynyň häkimligine tarap ugrapdyr. Şondan soňra ýerli häkimlikden bolan birnäçe resmi närazylyk bildirýän aýallaryň ýanyna gelipdir. Proteste ýygnananlar indi birnäçe aýdan bäri jan başyna berilýän unuň hem çigit ýagynyň berilmeýändigini gahar-gazap bilen aýdypdyrlar.

Çeşmämiziň sözüne görä, Mary häkimliginiň aýallary çagalary näme bilen naharlajagyny bilmeýändigini aýdypdyrlar hem döwlet dükanlarynda unuň we beýleki günübirin zerur azyk harytlarynyň satylmagyny talap edipdirler.

Olaryň talabyndan soň protest bildirýänleriň ýanyna üsti halta-halta un ýükli ýük maşyny gelipdir hem protest bildirýänleriň her birine 2 kilogramdan un paýlap başlapdyr diýip, Aşgabatdaky habarçymyz Mary häkimliginiň wekiliniň sözüne salgylanyp habar berdi.

Resmiler şeýle hem ilaty zerur azyk önümleri bilen döwlet dükanlarynyň üsti arkaly üpjün etmekde mümkin bolan çäreleri görjekdiklerine söz beripdirler. Un paýlanandan hem-de resmileriň beren wadalaryndan soňra, proteste ýygnanlar dargap başlapdyr.

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde indi üç ýyldan bäri ykdysady krizis dowam edýär. Aýratyn-da döwlet eýeçiligindäki dükanlar tarapyndan ilata ýeňillikli satylýan önümleriň ýetmezçiliginden, ýurduň bazarlarynda azyk önümleriň bahalarynyň yzygiderli ýokarlanyp barmagyndan, Azatlygyň ýerli habarçylarynyň sözüne görä, ýurtda esasy kösenýän Mary welaýatynyň ilaty bolup durýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatyna görä, Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda indi azyndan iki aýdan bäri unuň hem çigit ýagynyň jan başyna berilýän aýlyk normasy berilmän gelýär.

Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýyny koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak çäreleri bilen baglanyşykly girizilen gadagançylyklar has-da ýaramazlaşdyrdy. Häzirki wagtda regionlar arasynda awto ulaglaryň gatnawy hem adamlaryň hereketi tas doly diýen ýaly doňduryldy, goňşy döwletler bilen serhetler ýapyldy.

Ýurduň ýolbaşçylary ýerli ilatyň birden protest bildirmeginden nähili-de bolsa, öňräkden alada galana meňzeýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň gullukçylary soňky hepdelerde obalara gidip, arçynlar bilen gepleşik geçiripdirler. Arçynlara ilat arasynda tolgunyşygyň öňüni almak barada çäre görmegi, aýratyn-da, adamlaryň azyk ýetmezçiligi barada köpçülik bolup maslahat etmeklerine hem-de närazylyk bildirmeklerine ýol bermezligi tabşyrypdyrlar.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: Москва и Пекин подписали программу сотрудничества на 2024-2026 годы


Спорт в России и мире
Москва

В Лужниках состоялась церемония открытия Всероссийской Спартакиады Специальной Олимпиады


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Андрей Рублёв

Теннисисты Рублев, Хачанов и Самсонова не сыграют на Олимпиаде-2024


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

По каким признакам можно распознать машину-«утопленника»: лайфхак





Путин в России и мире
Москва

ДОКЛАД ПРО ДЕЛО СКРИПАЛЕЙ, САФРОНОВА, ГОЛУНОВА. ПРО НАУКУ АКТИВНОЙ ВСЕЛЕННОЙ. ЭКСПЕРТ АНАТОЛИЙ ГОЛОД.


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Григорий Лепс

StarHit: Лепс приехал на премию МУЗ-ТВ с невестой, 18-летней студенткой МГИМО



Москва

США предупредили Вьетнам из-за договора с Путиным и срочно отправляют в Ханой свою делегацию. Предстоят разборки...

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net