123ru.net
Azathabar.com
Апрель
2020

Türkmenistanda koronawirusa garşy göreş bat alýar

0
Türkmenistan koronawirusyň ýaýramagyna garşy çärelerini güýçlendirýär. Ýurduň içinde bu kesele garşy göreşmek üçin keselhanalar taýýarlanýar, ilatyň gyzgyny köpçülikleýin barlanýar. Ýurt ýolagçylar üçin halkara howa gatnawyny ýatyrmagyndan soň, indi ýük gatnawyny hem togtadýar.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary häzirki wagtda ýurduň keselhanalarynda koronawirusly hassalary bejermek üçin taýýarlygyň alnyp barylýandygyny habar berýärler.   


"Keselhanany koronawirusa garşy ýokanç keseller hassahanasy edip ulanarlar. Häzirlikçe bu resmi taýdan yglan edilmedi, emma lukmanlar taýýar bolmaly. Şeýle-de, keselhanalary boşadyp, diňe agyrlaryň galdyrylýandygy aýdyldy. Ähli edaralarda adamlar ellikli ýöreýärler. Planly operasiýalar soňa galdyryldy" diýip, habarçymyz saglygy saklaýyş edaralaryndaky ynamdar çeşmelerine salgylanyp, 1-nji aprelde habar berdi.


Azatlyk Radiosyna taýýarlyk geçirilýän takyk keselhanalar mälim, emma biz öz çeşmelerimiziň gizlinligini üpjün etmek maksady bilen olary agzamakdan saklanýarys. Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginden hem resmi maglumat alyp bilmedi. 


Şu günler ýurduň jemgyýetçilik ýerlerinde, ýollarynda ilatyň gyzgynyny barlamak boýunça köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Garaşsyz neşirleriň maglumatlaryna görä, käbir regionlarda ilatyň gyzgynyny barlamak üçin olaryň öýlerine-de barýarlar. 




 


Turkmen.news neşrine görä, Mary welaýatynda daşary ýurtlardan noýabr-ýanwar aralygynda dolanyp gelen ýaşaýjylar hasaba alynýar. Migrasiýa gullugynyň wekili, lukman we oý dolandyryş edarasynyň işgäri üç bolup, öýlere aýlanýarlar we adamlaryň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklanyp, gyzgynyny barlaýarlar. Gyzgyny ýokary adamlary karantine salýarlar.


31-nji martda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy häzirki wagtda paýtagta barýan ýollarda awtoulaglary barlaýan gözegçileriň Mary welaýatyndan barýanlara has uly üns berýändigini aýdypdy.


"Barlag geçirilende hemmeden soralýar kimiň Marydan gelýändigi, kimiň şol ýerde ýazga durandygyny we soňky gezek şol ýere haçan barandygyny" - diýip, habarçymyz aýdýar. Emma barlagçylaryň Mary welaýatyna näme sebäpden has uly üns berýändigini anyklap bolmady.


Türkmenistanda koronawirus sebäpli mekdep kanikullarynyň möhleti uzaldyldy, aprel aýyna bellenen medeni çäreler, şol sanda 10-njy we 11-nji aprelde Aşgabatda geçirmeli "Goliwudyň sazlary" atly konsert ýatyryldy.


19-njy martdan bäri ilatyň paýtagta girip-çykmagy, 20-nji martdan bäri ýurduň içinde hereket etmegi çäklendirildi. 17-nji martda Türkmenistan ýolagçylar üçin halkara gatnawyny ýatyrdy.    




1-nji aprelde Reuters agentligi Türkmenistanyň öz giňişliginden ýük gatnawyny wagtlaýyn togtadandygyny habar berdi.


"Ýükleriň alnyp barylmagy, şol sanda tranzit geçirilmegi tutuş apreliň dowamynda çäklendirilýär we hiç hili ýeňillikler göz önünde tutulmaýar" diýip, Reuters Türkmenistanyň DIM-niň dokumentine salgylanyp habar berýär.     


Şol bir wagtda-da, türkmen häkimiýetleriniň koronawirusa garşy alyp barýan çäreleri bilen bir wagtda ýurtda azyk gytçylygy we gymmatçylygy güýçlendi. Bu ýagdaýda häkimiýetler ilatyň azyk satyn almak mümkinçiliklerini çäklendirdi we telekeçilere bahalary aşaklatmak boýunça basyşlaryny güýçlendirdi.


"Döwlet dükanlarynda her aýlyk un we ýag paýyny almak üçin nobatlar uly. Polisiýa käbir dükanlara aýlanyp, satyjylardan azygyň bahalaryny düşürmegi talap edýär. Käbir dükan eýeleri öz dükanlaryny ýapdylar, sebäbi olara harytlary köne bahadan satmak amatly däl" - diýip, habarçylarymyzyň ýene biri 31-nji martda habar berdi.


Mundan başga-da, häkimiýetler güýç bilen nobatlaryň we ilat arasynda dowul döremeginiň öňüni almaga synanyşýarlar.




 


"Milli howpsuzlyk ministrliginiň adamlary oba ýerlerine aýlanýarlar. Olar ýerli arçynlardan ilaty köşeşdirmegi talap edýärler, adamlaryň azyk gytçylygy barada geplemezligini talap edip, dowul dörän ýagdaýynda olardan soraljagyny duýdurýarlar" ​- diýip habarçymyz aýdýar.


Bu aralykda, türkmen hökümetiniň gözegçiligindäki habar serişdeleri ýurtda koronawirusa garşy amala aşyrylýan käbir çärler barada habar berip başladylar. 31-nji martda "Turkmenportal" neşri Saglygy saklaýyş ministrliginiň ýanyndaky sanitariýa-epidemiologiýa gullugyna salgylanyp, Türkmenistanda COVID-19 koronawirusyna degişli epidemiologiýa ýagdaýynyň gözegçilik astynda galýandygyny habar berdi.  


Bir aýa golaý wagt mundan ozal resmi Aşgabat ýurtda koronawirus bilen kesellän ýekeje-de adamyň ýokdugyny yglan edipdi, emma mundan soň meseläni agzamady. Tersine türkmen häkimiýetleri koronawirusy köpçüligiň öňünde agzamakdan saklanýarlar, resmi beýanatlar bilen çykyş etmeýärler. Gaýtam, ilatyň COVID-19 keseli barada gürrüň etmegine garşy çäre görýärler. Azatlygyň habarçylary jemgyýetçilik ýerlerinde koronawirus barada gürrüň eden adamlaryň tussag edilýändigini habar berýärler.


31-nji martda "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri Türkmenistanyň saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň ilata koronawirusyň howpy barada düşündiriş berýän çap görnüşli maglumatlaryndan indi koronawirus sözüniň aýrylandygyny habar berdi.    




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день


Спорт в России и мире
Москва

Набор в резерв сборных для участия в школьных олимпиадах объявили в Москве


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Теннисистка Касаткина прошла в полуфинал турнира WTA в Сеуле


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

На севере Москвы жители стали дежурить по ночам из-за незаконной вырубки деревьев





Путин в России и мире
Москва

Лавров: Путин пошутил, говоря о поддержке Харрис на выборах президента США


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко поддержал расширение взаимоуважительного диалога с Ереваном




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Глава МИД Польши попытался оправдаться за свои слова про Крым


Навальный в России и мире
Москва

Иван Дроботов: «Молоток — неподходящий инструмент решения политических конфликтов»



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Елена Волкова

Фестиваль «Большая сцена» приглашает к участию талантливых людей со всей России



Москва

Спрос на длительную аренду загородного жилья в России вырос летом на 43%

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net