BMG owgan bäsdeşlerini parahatçylyk üçin ‘bilelikde hereket etmäge’ çagyrýar
![BMG owgan bäsdeşlerini parahatçylyk üçin ‘bilelikde hereket etmäge’ çagyrýar](https://gdb.rferl.org/0B6DF634-11D8-4A91-A64C-A24CFB1E2F5B_w800_h450.jpg)
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Owganystandaky bäsdeş syýasatçylaryň “bilelikde hereket edip”, uzak wagtlaýyn we çykdajaly urşy togtatmaga ýardam edip biljek, “Talyban” bilen geçirilýän gepleşikleri jemlemäge çagyrdy.
BMG-niň baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili Ingrid Haýden 31-nji martda çykyş edip, owgan prezidenti Aşraf Ganiniň we onuň syýasy bäsdeşi Abdulla Abdullanyň ýurduň taryhyndaky bu möhüm pursatdan peýdalanmalydygyny aýtdy.
“Owganystanyň aýgytlaýjy pursada gelendigine çalym edýär. [ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky] koalisiýanyň girmeginden tas ýigrimi ýyl soňra, Yslam Respublikasynyň öňünde häzir şu sorag keserip dur: Durnukly parahatçylygy ornaşdyrmak üçin liderler ‘Talyban’ bilen manyly gepleşikleri geçirer ýaly bilelikde hereket edip bilerlermi?” diýip, Haýden ýüzlendi.
“COVID-19 wirusynyň Owganystanyň halkyna, şeýle-de onuň institutlarynyň durnuklylygyna abandyrýan howpy bu baradaky kararyň ähmiýetini has-da artdyrýar” diýip, Haýden sözüne goşdy.
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad 29-njy fewralda Dohada “Talyban” bilen ylalaşyga gol goýdy. Waşington munuň netijesinde Owganystandaky 19 ýyllyk urşuň tamamlanmagyna we Pentagonyň esgerlerini çykaryp başlamagy üçin mümkinçiligiň döremegine umyt edýär.