Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Март
2020

Saragtda gonamçylyga barýan zyýaratçylaryň awtobusy üzärlik bilen tütedildi we yzyna gaýtaryldy

0
Saragtda gonamçylyga barýan zyýaratçylaryň awtobusy üzärlik bilen tütedildi we yzyna gaýtaryldy

Ahal welaýatynyň Saragt etrabynyň häkimiýetleri koronawirusa garşy çärelerini güýçlendirdiler. Gözegçiligiň güýçlenmegi ýerli ilata we şol sanda zyýaratçylara täsir ýetirýär. Bu barada Azatlygyň habarçysy gürrüň berýär.  

Habarçymyzyň 18-nji martda beren maglumatyna görä, Ahal welaýatyndaky mukaddes hasaplanýan ýerleriň biri Goşa Baba gonamçylygyna guramaçylykly barýan zyýaratçylar ýolda saklanyp, yzyna ugradylypdyr. Habarçymyz munuň ýurduň Eýran bilen serhediniň golaýyndaky Saragtda bolandygyny gürrüň berdi.       

"Ahal welaýatynyň Saragt etrabynda koronawiusa garşy çäreleri güýçlendirdiler. Ahal welaýatyndan zyýaratçylary alyp barýan awtobus Saragt etrabyna "Goşa baba" gonamçylygyna tarap ugraýardy, onuň içindäki adamlaryň ählisi gojalar we gartaşan aýallardy. Olary Saragt serhet geçelgesinde sakladylar we yzyna öwürdiler. Zyýaratçylara gonamçylygyň Eýran bilen serhetde ýerleşýändigini, ol ýerde-de koronawirusyň bardygyny düşündirdiler. Soň serhet postundaky esgerler awtobusyň içine üzärlik tütetdiler we yzyna ugratlar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň prezidenti we ýurduň giňişligine bitýän ösümlikleriň wagyzçysy Gurbanguly Berdimahamedow ilata howply koronawirusdan üzärligiň tüssesi we burçly unaş bilen goranmagy maslahat berdi.

Prezidentiň 13-nji martda beren bu maslahatyndan soň tutuş ýurtda üzärlik tütetmek işi giň derejede alyp barylýar. Şol bir wagtda-da türkmen häkimiýetleri üç aýdan az wagtyň dowamynda dünýäniň tas ähli ýurduna ýaýran howply koronawirusyň ýurtda asla ýokdugyny aýdýarlar.   

 

 

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, şu günki gün Saragtdan başga regionlara barýan ýollarda awtoulaglar saklanýar, adamlaryň dokumentleri we saglyk ýagdaýy barlanýar.   

"Saragtdan barýan ähli awtoulaglaryň ýolagçylaryny sakladylar, ulaglardan çykmagy buýuryp, pasportlaryny hem gyzgynyny barladylar. Soň nireden we nirä barýandygyny soradylar, hasaba alyp, goýberdiler. Käbirler 50 manat para berip, hatda awtoulagyndan çykman geçip gitmegi başarýarlar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berdi. 

Onuň sözlerine görä, bu regionda azyk harytlary we dermanlar gymmatlapdyr. Üstesine Saragtda köpçüligiň barýan ýerlerini, kafeleri we dükanlary ýapýarlar. Ýerli ilatdan uly zerurlyk bolmasa öýlerinden çykmazlygy soraýarlar. Şeýle-de, özlerini erbet duýan halatlarynda gyssagly lukmanlara ýüz tutmagy talap edýärler.   

"Polisiýa gijelerine töwerege aýlanyp durýar, adamlaryň öýlerinden çykmazlygyna gözegçilik edýär. Duş gelen adamlary soraga çekýär, olaryň nirä we näme üçin barýandygyny soraýar", - diýip habarçymyz 18-nji martda habar berdi. 

Azatlyk Radiosyna ýerli resmiler, şol sanda häkimlik bilen habarlaşmak başartmady. Saragt etraby Türkmenistanyň Eýran bilen serhedine golaý ýerleşýär. ​

Türkmenistan goňşy ýurtda koronawirusyň epidemiýasy sebäpli fewral aýynda Eýran bilen serhedini ýapdy. 

Şu günki gün Eýranda koronawirus ýokaşyp ýogalanlaryň sany 1000 adama ýetdi. Ýurtda jemi kesellänleriň sany 16 müňden aşdy. Eýran dünýäde COVID-19 bilen kesellänleriň köplügi boýunça Hytaýdan we Italiýadan soň üçünji ýerde durýar. 

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин прибыл в Китай с рабочим визитом


Спорт в России и мире
Москва

В Лужниках состоялась церемония открытия Всероссийской Спартакиады Специальной Олимпиады


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Кирилл Скачков

Кирилл Скачков из Новокузнецка стал победителем Игр стран БРИКС-2024


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

По каким признакам можно распознать машину-«утопленника»: лайфхак





Путин в России и мире
Москва

СЕНСАЦИОННЫЙ ДОКЛАД ПРО ДЕЛО СКРИПАЛЕЙ, САФРОНОВА, ГОЛУНОВА.


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Жанна Агузарова

Возвращение певицы Жанны Агузаровой обернулось скандалом



Москва

Депутат Мосгордумы Александр Семенников принял участие в акции «Свеча памяти» в Северном Бутово

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net