Türkmenistanyň goňşy ýurtlary bilen serhetlerini ýapmagynyň fonunda, ýüzlerçe türk sürüjisi türkmen-eýran serhedinde saklanyp galýar
![Türkmenistanyň goňşy ýurtlary bilen serhetlerini ýapmagynyň fonunda, ýüzlerçe türk sürüjisi türkmen-eýran serhedinde saklanyp galýar](https://gdb.rferl.org/E072E550-D1A2-4853-B6A8-685D789613E1_cx0_cy0_cw75_w800_h450.jpg)
Türkiýeden giden ýüzlerçe ýük ulag sürüjisi Türkmenistanyň territoriýasyna goýberilmeýändigi sebäpli, türkmen-eýran serhedinde saklanyp galýarlar. Bu barada habar berýän “Amerikanyň sesi” neşiri Eýrana dolanmagyna-da rugsat berilmeýän türk sürüjileriniň näme etjeklerini bilmeýändigini aýdýar.