Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Январь
2020

Türkmen mekdeplerinde prezident Berdimuhamedowyň suratlary ilatyň hasabyna täzelenýär

0
Türkmen mekdeplerinde prezident Berdimuhamedowyň suratlary ilatyň hasabyna täzelenýär

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze portretleri ýakyn wagtda ýurduň ähli okuw jaýlarynda, çagalar baglarynda we döwlet edara-kärhanalarynda ýerleşdirilmeli.

"Türkmenistanyň Hronikasy" websaýtynyň maglumatyna görä, hususan-da Lebap welaýatynda prezidentiň portretleri 5-nji fewrala çenli çalşyrylmaly. Bu barada welaýatyň bilim edarasynyň ýolbaşçylary oba mekdepleriniň we çagalar baglarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren ýygnagynda yglan edip, tabşyrygy görkezilen wagtda ýerine ýetirilmedikleriň işden kowuljagyny duýdurypdyr. 

10-njy ýanwarda Azatlyk Radiosynyň habarçysy prezidentiň suratlarynyň Mary welaýatynda köpçülikleýin çalşyrylýandygyny habar beripdi. Bu ýerde häkimiýetler döwlete degişli ähli edaralarda prezidentiň suratlaryny çalşyrmagy tabşyrypdyr. Üstesine, döwlet edara - kärhanalaryndan 2020-nji ýylyň resmi şygaryny - "Türkmenistan - bitaraplygyň watany" ýazgysyny ýerleşdirmek talap edilipdir.

 

 

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň sözlerine görä, prezident Berdimuhamedowyň bir portretiniň bahasy 60 manatdan 300 manada çenli bolup bilýär.

Prezidentiň suratlary Türkmenistanyň ähli döwlet edaralarynda we jemgyýetçilik ýerlerinde hökmany suratda ýerleşdirilýär. 

Prezidentiň suratlary ýylda çalşyrylýar, käte munuň üçin ýylyň dowamynda birnäçe gezek pul ýygnalýar. Soňky gezek prezidentiň portretleri geçen ýylyň başynda çalşyryldy, üstesine täze suratlar üçin okuwçylardan awgust aýynda-da pul ýygnaldy.     

Habarçymyza mälim bolşuna görä, häkimiýetler portretleri täzelemek baradaky häzirki talaby prezidentiň saçynyň reňkiniň üýtgemegi bilen düşündirýärler. 2018-nji ýylyň tomsunda Türkmenistanyň prezidenti saçynyň gara reňkini birden çala üýtgedipdi.

Häzirki wagtda okuw jaýlary häkimiýetleriň ýene bir talabyny berjaý etmäge borçly edildi. 

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň maglumatyna görä, hususan-da, Lebap welaýatynda mekdeplere giren ýerindäki uly otaglarda diwarda uly el halysyny asmak we onuň üstünde prezidentiň suratyny ýerleşdirmek talap edilipdir. Neşir halynyň ululygynyň 1,5×2-den kem bolmaly däldigini we onuň gölüniň Ahala ýa-da Balkana degişli bolmalydygyny belleýär. 

Maglumatda, şu günler Lebapda prezidentiň portretlerine bolan talabyň güýçlenmegi sebäpli olaryň bahasynyň hem 400 manada çenli ýokarlanandygy habar berilýär we bu çykdajylar sebäpli çagalar baglarynda işgärlerden we ene-atalardan 70 manatdan toplanýandygy aýdylýar. 

Üstesine, çagalar baglarynda körpeleriň oýnamagy üçin niýetlenen her bir otagda elde dokalan ak reňkli ýüň halysy bolmaly. Şeýle halynyň minimal bahasy 1400 manada barabar diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" ýazýar.     

Türkmenistanyň häkimiýetleri ilatdan dürli maksatlar üçin yzygiderli häsiýetde pul ýygnaýarlar. Türkmenistanlylar ýyllarboýy prezidentiň portretleri, döwlet baýdaklary, şäherleriň hem obalaryň abadanlaşdyrylmagy, uzaga çeken gurluşyklaryň maliýeleşdirilmegi, binalaryň bejerilmegi, şeýle-de döwlet baýramçylyklaryna hem sport çärelerine degişli toý-dabaralaryň geçirilmegi üçin pul tabşyrýarlar.      

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин утвердил проект строительства общественно-делового центра в ЗАО


Спорт в России и мире
Москва

Футболисты ЮФУ одержали три победы в домашнем турнире


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Бьянка Андрееску

Бьянка Андрееску: «Мне нравится, что на траве, поскольку она намного быстрее грунте, меньше времени на раздумья»


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Собянин рассказал, как электробусы помогают улучшать экологическую ситуацию





Путин в России и мире
Москва

Эрдоган рассказал о переговорах Фидана и Путина на тему выборов в курдских районах в Сирии


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Джиган

«Он приехал за мной в клуб. И всё, с этого момента мы начали жить вместе». Оксана Самойлова рассказала о знакомстве с Джиганом в эфире «Шоу Воли» на ТНТ



Москва

«Марионетка Путина!» – пока Дуда клеймил Лукашенко, Шольц фильтровал базар

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net