Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Январь
2020

Eýranda ýykylan ukrain uçarynyň bortunda 176 adam öldi

0
Eýranda ýykylan ukrain uçarynyň bortunda 176 adam öldi

Ukrainanyň kommersiýa uçary 8-nji ýanwarda, Eýranyň paýtagty Tähranda asmana galandan kän wagt geçmänkä heläkçilige uçrap, bortundakylaryň ählisini, 176 adamyň ölümine sebäp boldy.

Uçaryň ýykylmagynyň anyk sebäbi aýdyň däl. 

Ukrainanyň Halkara howaýollaryna degişli “Boeing 737-800” uçary Tähranyň Ymam Homeneýi adyndaky halkara aeroportundan asmana galanda, onuň motorlarynyň biri ot aldy diýip, Eýranyň Ýollar we transport ministrliginiň sözçüsi Kasem Biniaz aýtdy.

Şondan soň pilot uçara kontrollygy ýitirip, onuň aşak inmegine ýol berdi diýip, Biniaz döwlet eýeçiligindäki IRNA habar gullugyna aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiniň beýanatynda Baş prokuratura bu heläkçiligi derňemek üçin jenaýat işini açmagyň tabşyrylandygy aýdylýar. 

Eýran TW-si heläkçiligiň anyklaşdyrylmadyk tehniki sebäpler netijesinde bolandygyny aýdyp, ýerli awiasiýa resmisiniň “pilot adatdan daşary ýagdaý yglan etmedi” diýendigini habar berdi.

Eýranyň döwlet TW-si uçaryň gara gapyrjaklarynyň biriniň tapylandygyny aýtdy. "Mehr" habar gullugy ýerli resmä salgylanyp, bu gutynyň "Boeing" kompaniýasyna derňew üçin beriljek däldigini aýtdy. 

Wladimir Zelenskiý beýanat çap edip, deslapky maglumat esasynda, uçardaky ýolagçylaryň we ekipaž agzalarynyň ählisiniň heläk bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de Zelenskiý Ukrainanyň betbagçylygyň nähili ýagdaýlarda bolandygyny anyklamaga çalyşýandygyny aýtdy.

"Men ýolagçylaryň we ekipaž agzalarynyň garyndaşlaryna we dostlaryna çyn ýürekden gynanç bildirýärin” diýip, Zelenskiý özüniň Omana saparyny kelteldip, Kiýewe dolanýandygyny yglan etdi.

Uçaryň ýolagçylarynyň köpüsi eýranlydy, ýöne olaryň arasynda günbatar we ukrain raýatlary hem bar eken.

Ukrainanyň daşary işler ministriWadym Prystayko uçarda Eýranyň 82, Kanadanyň 63, Şwesiýanyň 10 raýatynyň, dört owganystanlynyň, üç germaniýalynyň we üç britaniýalynyň bolandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Howpsuzlyk geňeşi uçar betbagtçylygynda 11 ukrainalynyň, şol sanda dokuz ekipaž agzasynyň ölendigini aýtdy.

Uçuşlary yzarlaýan “Planespotters” saýtynyň maglumatyna görä, ýykylan uçar dört ýylam ulanylmandyr.

Uçar betbagtçylygy Eýran Yslam rewolýusiýasynyň goragçylar korpusynyň "Kuds" güýçleriniň baş serkerdesi Kasem Suleýmaniniň aryny almak üçin Yrakdaky ABŞ güýçleriniň ýerleşýän iki bazasyny nyşana alyp, ballistik raketa atanyndan birnäçe sagat soň boldy.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: Москва и Пекин подписали программу сотрудничества на 2024-2026 годы


Спорт в России и мире
Москва

В УФСИН России по Республике Дагестан прошли лично-командные соревнования по легкой атлетике


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Самсонова выиграла турнир WTA в Хертогенбосхе


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Российские компании придерживаются собственного подхода в ESG





Путин в России и мире
Москва

СЕНСАЦИОННЫЙ ДОКЛАД ПРО ДЕЛО СКРИПАЛЕЙ, САФРОНОВА, ГОЛУНОВА.


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Дима Билан

Анна Asti и Дима Билан стали лучшими исполнителями по версии премии МУЗ-ТВ



Москва

Десятки тысяч свечей зажгли у Музея Победы в память о героях ВОВ

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net