Gazaklar tanymal oppozision syýasatçy Abdildin bilen hoşlaşdy
Ýüzlerçe adam tanymal gazak syýasatçysy, weteran oppozisioner Serikbolsyn Abdildin bilen hoşlaşmaga geldi. Ol täze ýylyň öňüsyrasynda, 82 ýaşynda aradan çykdy.
Adam we raýat hukuklary aktiwistleri, oppozisiýadaky syýasatçylar, şäher dolandyryşynyň wekilleri 3-nji ýanwarda Almatydaky Filarmoniýa öýünde Abdildiniň hatyrasyna guralan çärä gatnaşdy.
Gazagystanyň Adam hukuklary we kanunyň hökmürowanlygy býurosynyň direktory Ýewgeniý Žowtis ýasa gelenlere Abdildin “Gazagystanyň garaşsyzlygynyň ýokarlanmagynyň başynda duran ägirt uly şahsyýet” diýdi.
"Serikbolsyn Abdildin biziň ýurdumyzda syýasatyň adalatly we düzüw bolup bilýändigini görkezen köp bolmadyk syýasatçylaryň biridir. Mysal üçin, garşydaşlaryňy ýoldan aýryp, häkimiýetden çäksiz möhletde berk ýapyşman hem syýasatçy bolup bolýar. Ol biziň döwrümizde hemme zatdan beter wajyp bolan düzüw adamdy” diýiň, Žowtis aýtdy.
Abdildin Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň berk tankytçysy bolup, ony “häkimiýeti bir öz elinde jemlemekde”, garyndaşparazlykda we korrupsiýada aýyplady.