Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Ноябрь
2019

Azyk gytçylygy döwründe paýtagtyň dükanlarynda alyjylar aldanýar

0
Azyk gytçylygy döwründe paýtagtyň dükanlarynda alyjylar aldanýar

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary, şu günler paýtagtda azyk gytçylygy we onuň ilata çäkli möçberde satylmagy bilen bir wagtda dükanlarda alyjylaryň aldanýan pursatlarynyň ýüze çykýandygyny habar berýärler. 

"Kartoçkalar boýunça aldaw köp bolýar, bolmalysyndan has köp alýarlar. 'Daşoguz' bazarynda söwdegär garryja aýaldan ýag üçin 13 manada derek 15 manat aldy, belki-de ol zenanyň kwitansiýa seretjegine garaşmandyr. Garryja adamlar köplenç alyp bilenine begenip, kwitansiýa seretmeýärler" - diýip, habarçymyz 25-nji noýabrda habar berdi we köpçüligiň bank kartlary bilen tölemekden howatyrlanýandygyny, sebäbi özlerine kwitansiýanyň berilmeýän wagtynda eden söwdasyna gözegçilik etmek mümkinçiliginiň bolmaýandygyny belledi.

"Käbir ýerlerde kwitansiýa üçin kagyz bolmaýar. Kagyz gutardy diýýärler" - diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy. 

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada Aşgabadyň "Daşoguz" bazarynyň administrasiýasyndan maglumat alyp bilmedi.   

Şu aýyň ortalarynda Aşgabadyň döwlet dükanlarynda käbir azyk önümlerini diňe nagt bolmadyk görnüşde satyp başladylar.       

Şonda bäri döwlet dükanlarynda ýumurtga, günebakar ýagy we banan satyn almak üçin alyjylar bank kartlary bilen tölemeli bolýarlar. Bazarlarda we hususy dükanlarda bu harytlaryň nyrhy esli gymmat.

Habarçymyzyň sözlerine görä, 25-nji noýabrda döwlet dükanlarynda günebakar ýagy 13 manatdan satylypdyr, onuň bazardaky nyrhy 19 manada barabar. Bazarda her biri 8-9 manatdan satylýan ýumurtga döwlet dükanynda 45 teňňä, bazardaky 12 manatlyk banan döwlet dükanynda 6 manada satylypdyr. 

Aşgabatda nagt bolmadyk tölegleriň aktiwleşdirilmegi ýurduň bankomatlarynda uzaga çeken nagt pul ýetmezçiliginiň dowam edýän wagtyna gabat geldi. 

Şu günler bank kartlary bilen tölegler üçin apparatlary bolan söwda nokatlarynyň köpüsinde nagt bolmadyk görnüşde töläp bolýandygyny habarçylarymyz aýdýarlar.

Şol bir wagtyň özünde-de, käbir azyk önümleriň nagt bolmadyk tölege geçirilmegi ilatyň käbir gatlaklaryny olary satyn almak mümkinçiliginden mahrum etdi. Olaryň arasynda pensionerler we maýyplar bar. 

"Pensiýalary öýlerine getirilýän ýaşy 70-den geçen garrylar we maýyplar [satyn]  almak mümkinçiliginde mahrum boldular. Haçan-da, pensionerleri pensiýalary bankomatlardan almak düzgünine geçirenlerinde, ýaşy has ululara baryp, nagt almagy ýa-da olaryň öýlerine getirilip berilmegini saýlamaga hukuk berlipdi. Şu çaka çenli bu olar üçin oňaýlydy, sebäbi bankomatlar köplenç näsaz bolýar we pully bankomat gözlemek köp güýji alýar" - diýip, habarçymyz aýdýar. 

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda gök-önümler we banandan başga ähli miweler nagt pula satylýar. Emma alyjylar, nagt pul bilen tölänlerinde-de aldanýarlar. 

"Bir zenan nagt pula alma satyn alanda, barlady we özünden 8,3 manada derek 10 manat alnandygyny anyklady. Ol yzyna dolanyp muny satyja aýtdy, ol bolsa ony utandyrjak boldy onuň 1 manat 70 teňňe üçin gelendigini aýdyp: 'Utanaňokmy?' diýdi, emma goşmaça alma bermän, puluny gaýdyp berdi. Ol alma bermedi. Bu zenan bolsa köp çagaly. Ol baryp, bazar başlygyna şikaýat etdi" diýip, bu ýagdaýa şaýat bolan Aşgabatdaky habarçymyz gürrüň berdi. 

Ýurtdaky agyr ykdysady ýagdaý, işsizlik we ilatyň aglaba böleginiň maddy mümkinçiliginiň agyrlygy sebäpli, kesgitli nyrhly döwlet dükanlarynda hödürleýän azyk ilat köpçüliginiň güzeran görmeginiň esasy çeşmesi bolýar.

Türkmenistanda azyk gytçylygy iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Çörek, un, ösümlik ýagy, ýumurtga we şeker yzygiderli görnüşde satuwdan aýrylyp durýar. Döwlet dükanlarynda azygyň söwdasy uly nobatlaryň döremeginde amala aşyrylýar. Ýurduň käbir regionlarynyň ilaty azyk önümleriniň getirilmegine hatda birnäçe aýlap garaşmaly bolýarlar.   

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: Начался прием заявок на конкурс грантов для социальных НКО


Спорт в России и мире
Москва

«23 and Friends»: в Москве состоялся спортивно-музыкальный фестиваль Аш 23


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Анастасия Потапова

Потапова о поражении от Свентек на "Ролан Гаррос": организм дал сбой


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Директор по продукту BMS Development Group – обладатель премии в области «зеленого» строительства ABGREEN Life





Путин в России и мире
Москва

Песков: Москва и Пекин намерены продолжать диалог по поставкам газа


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

«Генерал КГБ»: Лукашенко на закрытом совещании объявил, что скоро вступит в войну




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленский* определил, где размещать еще не переданные системы ПВО


Навальный в России и мире
Москва

«Не тот человек в земле, не тот человек в Кремле». Память Навального почтили в регионах



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Евгений Маргулис

«Пензенский Майкл Джексон»: Тимур Родригез стал героем шоу Квартирник НТВ у Маргулиса



Москва

Около 770 компаний воспользовалось нижегородским агрегатором производственных мощностей «Станкофонд: сделаем в России»

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net