Eýran ýadro ylalaşygynyň şertlerinden ýene el çekjekdigini aýdýar
Eýran 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygynyň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryndan ýene-de el çekjekdigini mälim etdi.
Prezident Hassan Rohani 5-nji noýabrda çykyş edip, çarşenbe gününden başlap 1 müň 44 sentrifuga uran gazynyň goýberiljekdigini aýtdy. Bu ozal baglaşylan ylalaşygyň şertlerine garşy gelýär.
Mundan bir gün öň, Eýran ylalaşygyň çäklerinde gadagan edilen IR-6 kysymly sentrifugalary hem tas iki esse köp mukdarda ulanyp başlandygyny aýtdy.
2018-nji ýylyň maýynda prezident Donald Tramp ABŞ-ny 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyndan çykarypdy we Tährana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizipdi.
Eýran ylalaşyga ygrarly bolup galan beýleki taraplary ABŞ-nyň sanksiýalarynyň döredýän kynçylyklarynyň öwezini dolup bilmeýändigini aýdyp, ylalaşygyň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryndan el çekip başlady.