Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2026
1 2 3 4
5
6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Eýran bilen ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk gowşaýan mahaly, ABŞ öz harby kuwwatyny giňeldýär

0
Eýran bilen ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk gowşaýan mahaly, Birleşen Ştatlar Ýakyn Gündogardaky harby kuwwatyny ep-esli giňeldýär we Waşingtona iki aýdan bäri dowam edýän çaknyşygy güýçlendirmek mümkinçiligini berýär.
ABŞ-nyň harby güýçleri 24-nji aprelde sebite müňlerçe elit esgerden düzülen üçünji uçar gämisiniň hüjüm toparyny ýerleşdirdi, bu bolsa 2003-nji ýylda Yraga çozuşdan bäri iň uly harby toplumyň döredilmegi boldy.
8-nji aprelden bäri dowam edýän ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk, halkara energiýa bazarlaryny sarsdyran we global ykdysadyýeti agdaran gymmatbaha uruşda arakesme döretdi. Emma Waşington we Tähran biri-birini ýaraşygy bes etmek şertnamasyny bozmakda aýypladylar we urşy bes etmäge gönükdirilen gepleşikleri geçirmek synanyşyklary başa barmady.
Prezident Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň ok atyşygy wagtlaýyn bes etmegini “ätiýaçdaky enjamlary doldurmak” üçin ulanýandygyny aýtdy we parahatçylyk tagallalary başa barmasa, amerikan harbylarynyň “hereket etmäge taýýardygyny”" duýdurdy. Tramp ozal ylalaşyk gazanylmasa, Eýranyň raýat infrastrukturasyny ýok etmek bilen haýbat atypdy.
Bilermenler ABŞ-nyň sebitde harby güýçleriniň giňeldilmeginiň iki maksada hyzmat etmegi göz öňünde tutýandygyny aýdýarlar: Tährana syýasy signal ibermek we Trampa Yslam respublikasyna garşy harby hereketleriň gerimini giňeltmek üçin mümkinçilikler bermek.
“Bu, ABŞ-nyň howplarynyň ygtybarlylygyny we netijede olaryň gepleşiklerde täsirini ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir” diýip, Ženewanyň Graduate institutynyň Eýran boýunça bilermeni doktor Farzan Sabet aýtdy.
“Şeýle-de, bu, ABŞ-nyň Eýrany has-da gowşatmagyny we Hormuz bogazyny täzeden açmak üçin söweşler täzeden başladylan halatynda, onuň has gowy pozisiýada bolmagyny üpjün etmegini maksat edinýär” diýip, ol sözüne goşdy.
ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy 28-nji fewralda başlan bombalaýyş kampaniýasy Eýranyň harby güýçlerini weýran edip, ýolbaşçylarynyň köpüsini we möhüm infrastrukturasyny ýok etdi.
Emma Tähran henizem uruşda ýeňiş gazanýandygyna ynanýar. Eýranyň teokratiýasy saklanyp galdy we täze hem-de güýçli artykmaçlyga eýe boldy: global nebit we gaz üpjünçiliginiň esasy damary bolan Hormuz bogazynyň gözegçiligi.
Eýranyň Hormuz bogazyny netijeli ýapmagyna jogap hökmünde, Birleşen Ştatlar 13-nji aprelden bäri Ýakyn Gündogar ýurdunyň portlaryna we gämilerine deňiz blokadasyny girizdi. Bu ädim Eýranyň eýýäm çökgünlikdäki ykdysadyýetine basyşy artdyrsa-da, blokada henizem Tährany ABŞ-nyň şertlerinde parahatçylyk ylalaşygyny kabul etmäge mejbur etmedi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net