Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2026
1 2 3 4
5
6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30

ABŞ resmisi: Tramp Eýranyň soňky teklibinden hoşal däl

0
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tähranyň soňky teklibine uly nägilelik bildirdi, munuň esasy sebäbi teklibiň Eýranyň ýadro programmasynyň çylşyrymly taraplaryny çözmäge mümkinçilik bermeýändigi bilen baglanyşykly diýip, Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmisi 27-nji aprelde Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda tassyklady.
Administrasiýanyň gazanyljak islendik diplomatik üstünligiň ýadro baýlaşdyrmak meselesinde berk gözegçiligi we çäklendirmeleri öz içine almalydygy baradaky pozisiýasy berk saklanyp galýar diýip, resmi belleýär.
Şol güni irden Ak Tamyň metbugat sekretary Karolin Lewitt Trampyň iki aý bäri dowam edýän – häzirki wagtda ok atyşygy wagtlaýyn bes etmek barada ylalaşyk gazanylan – urşy çözmek üçin Eýranyň täze teklibini ýokary derejeli howpsuzlyk geňeşçileri bilen maslahatlaşandygyny tassyklady.
Täze meýilnama heniz Tähran tarapyndan tassyklanmasa-da, “Axios” neşiri üç çeşmä, şol sanda ABŞ-nyň resmisine salgylanyp, Eýranyň konflikti bes etmegiň täze usulyny teklip edendigini habar berdi.
Teklibiň Birleşen Ştatlaryň Hormuz bogazyny täzeden açmagy we iki tarapyň hem Eýranyň ýadro mümkinçilikleri bilen bagly gepleşikleri soňky tapgyra çenli yza süýşürmegi öz içine alýandygy habar berildi.
Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 27-nji aprelde “Fox News” teleýaýlymyna beren interwýusynda Tähranyň öz ýadro programmasy baradaky gepleşikleri yza tesdirmäge synanyşýandygy baradaky habarlara jogap berip, ýadro meselesiniň häzirki dartgynlyklaryň esasy sebäbi bolup durýandygyny aýtdy.
“Ýadro meselesi biziň şeýle ýagdaýa bolmagymyzyň esasy sebäbidir” diýip, ol belledi.
Rubio Eýranyň radikal ýolbaşçylar tarapyndan dolandyrylmagynyň eýýäm alada döredýändigini, emma has giň meseläniň bolsa, onuň rewolýusiýa häsiýetindedigi we rewolýusiýasyny giňeltmek we eksport etmek maksadyndadygy bilen baglanyşyklydygyny sözüne goşdy.
“Eger Eýran diňe radikal adamlar tarapyndan dolandyrylýan radikal ýurt bolsa... bu henizem problema bolardy, ýöne olar rewolýusiýaçy. Aslynda, olar öz rewolýusiýalaryny giňeltmäge we eksport etmäge çalyşýarlar” diýip, Rubio düşündirdi.
Ol Eýranyň öz serhet çäkleriniň daşyna täsir etmäge çalyşýandygyny nygtady we bu maksatlar ýadro mümkinçilikleri bilen utgaşdyrylan halatynda, olaryň potensial netijeleriniň bardygyny hem duýdurdy.
“Olar diňe Eýrana agalyk etmäge çalyşmaýarlar, olar sebitde agalyk etmäge çalyşýarlar. We muny ýadro ýaragy bilen bilelikde göz öňüne getirip görüň” diýip, ol aýtdy.
Tähran ýadro ýaraglaryny döretmek isleýändigini yzygiderli ret edýär, şol bir wagtyň özünde, ol urany raýat ýadro maksatlary üçin zerur bolan derejeden ýokary möçberde baýlaşdyrmazlyk baradaky talaplara garşylyk görkezýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net