Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2026
1 2 3 4
5
6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Administratiw hukuk bozulmalary üçin jerimeleriň soňky alty aýda ikinji gezek ýokarlandyrylmagy ilatda nägilelik döredýär

0
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine soňky alty aýdan hem az wagtyň dowamynda tapgyr ikinji gezek üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, käbir düzgün bozulmalar üçin jerimeleriň möçberi tas 100%-e çenli ýokarlandyryldy.
Ýurtda aýlyklary, pensiýalary we döwlet kömek pullularyny 10% artdyrmak tejribesiniň bes edilen ýylynda amal edilýän bu ýokarlandyrma Balkan welaýatynyň köp ýaşaýjysynyň arasynda sorag we nägilelik döredýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 20-nji aprelde Balkandan maglumat berdiler.
Türkmen döwlet habarlar agentligi üýtgetmeler barada häzirlikçe jikme-jik maglumat bermeýän mahaly, hökümetçi “Turkmenportal” we “Takyk” neşirleri 17-nji aprelde çap eden maglumatlarynda kodeksiň birnäçe maddasyna, şol sanda 222-nji, 228-nji we 358-nji maddalaryna üýtgetmeler girizilendigini habar berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 11-nji aprelde gol çekilen kanundaky üýtgetmeler şu ýylyň 1-nji maýyndan güýje girýär.
Kodeksiň 358-nji maddasynyň altynjy bölümine girizilen üýtgetmeleriň biri, Türkmenistanda çagalaryň temmäki önümlerini çekmek gadagançylygyny bozandygy üçin ene-atalaryň gönüden-göni administratiw jogapkärçiligini ilkinji gezek girizýär.
Oňa laýyklykda, 16 ýaşyna ýetmedik ýetginjek Türkmenistanyň temmäkä garşy kanunçylygynyň talaplaryny bozan halatynda, ene-atalar ýa-da olaryň ornuny tutýan şahsyýetler binýatlyk mukdarynyň birinden ikisine çenli möçberde jerime tölemäge borçly ediler.
Häzirki wagtda Türkmenistanda bir binýatlyk mukdary 100 manada barabardyr.
Mundan başga-da, kodeksiň 228-nji maddasyna girizilen üýtgetmelere laýyklykda, ulagy sürüjilik şahadatnamasy ýa-da ynanç haty bolmazdan dolandyrmak üçin jerime binýatlyk mukdaryň 0,5 möçberinden 1 möçberine çenli ýokarlandyrylýar.
Şeýle-de, sürüjilik hukugy bolmadyk ýa-da çäklendirilen ýagdaýda bolan adamyň ulag dolandyrmagy üçin jerime öňki 3–5 möçberden 5–8 möçbere çenli ýokarlandyryldy. Şeýle adama ulagy dolandyrmagy ynanmak üçin jerime 4 möçberden 6 möçbere çenli artdyryldy.
Kodeksiň 222-nji maddasy boýunça esasy üýtgetmeler:
Sürüjilik ruluny serhoş adama bermegiň jerime mukdary 6-dan 10 binýatlyk ululyga çenli ýokarlandyryldy. Bu, jerime möçberiniň 600 manatdan 1000 manada ýokarlandyrylandygyny aňladýar.
Ulagy dolandyrmaga hukuk berýän sürüjilik şahadatnamasy bolmazdan serhoşlykda awtoulagy sürmegiň iň az jerime mukdary 7-den 12 binýatlyk ululyga çenli ýokarlandy. Bu, jerime möçberiniň 700 manatdan 1200 manada ýokarlandyrylandygyny aňladýar.
Resmi metbugat üýtgetmeleriň “ýurduň administratiw-hukuk gatnaşyklary baradaky kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanylandygyny” aýdýar.
Şol bir wagtda, ýurduň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine soňky bäş aýdan hem az wagtyň dowamynda tapgyr ikinji gezek girizilen üýtgetmeler, balkanly ýaşaýjylaryň ençemesinde sorag we nägilelik döredýär.
“Jerimeleriň möçberiniň ýene tas 100%-e çenli artdyrylmagy soňky günlerde ilat arasynda giň pikir alyşmalara getirdi. Adamlar heniz beýleki jerimeleriň artdyrylanyna bäş aý hem geçmänkä, bu jerimeleriň möçberiniň ýokarlandyrylmagyndan juda nägile bolýarlar. Olaryň arasynda hökümete juda paýyş sözleri aýdyp, sögünýänler hem bar” diýip, ýagdaýlara şaýat bolan balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Mundan başga-da, balkanlylaryň ençemesi ýokarlanmany häkimiýetleriň “boşan gaznany doldurmak tagallalary” atlandyryp, “munuň nebit-gaza baý ýurduň hökümeti üçin juda utançdygyny” hem aýdýar.
“Çagalaryň ene-atalaryna, hossarlaryna jerime töletdirip, gaznany doljak bolýarlar. Adamlar zordan 3 müň manat aýlyk alýan mahaly, Arkadag şäheri üçin milliardlarça dollar harçlanyp, pullaryň aglaba bölegi hökümetdäki belli bir adamlar tarapyndan ogurlanýandygy syr däl. Iri gurluşyklaryň ýokary derejeli döwlet emeldarlary bilen ilteşikli firmalara berilmegi we gereksiz gurluşyklar döwlet gaznasyny boşatdy” diýip, balkanly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk Radiosy bu öňe sürmeleri garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bilmeýär. Ýöne korrupsiýanyň derejesine syn edýän halkara guramalaryň hasabatlarynda, şol sanda "Transparency International" guramasynyň 10-njy fewralda çap eden soňky ýyllyk hasabatynda Türkmenistan dünýäde iň korrumpirlenen ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirilýär.
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine üýtgetmeler mundan bäş aý çemesi ozal, geçen ýylyň 3-nji dekabrynda hem girizilipdi. Şonda köçe-ýol hereketiniň düzgün bozulmalary üçin jerimeleriň mukdary 300%-e çenli ýokarlandy.
Bellesek, bu ýokarlanmalar 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap raýatlaryň aýlyk zähmet, pensiýa, talyp we diňleýji haklarynyň hem-de döwlet kömek pullarynyň 10% artdyrylmagynyň bes edilen mahalyna gabat geldi.
Türkmenistanda dowam edýän ýiti maliýe-ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda, aýlyklary, pensiýalary we kömek pullaryny her ýylyň başynda 10% ýokarlandyrmak tejribesi soňky 20 ýyla golaý wagt bäri amal edilýärdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net