Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2026
1 2 3 4
5
6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Balkanda hristian dinini kabul eden türkmenistanlylara garşy reýd geçirildi, onlarça adam tussag edildi

0

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri şu ýyl hristianlaryň mukaddes Pasha baýramynyň bellenýän günlerinde Balkanabat şäherindäki esasy hristian ybadathanasynyň töwereginde reýd geçirdiler. Reýdleriň dowamynda soňky ýyllarda hristian dinini kabul eden türkmenistanlylaryň, şol sanda türkmenleriň we beýleki azlyklaryň wekilleriniň onlarçasy tussag edilip, kemsitmelere, basyşlara, haýbatlara we hatda fiziki zorluga sezewar edildi.

Mundan başga-da, häkimiýetler hristian dinini wagyz edýänlere we Ýegowa şaýatlary dini akymynyň wekillerine garşy yzarlamalary güýçlendirip, reýdleri hem geçirýärler. Bu ýagdaýlar barada ýerli polisiýadaky çeşmämiz we waka şaýat bolan türkmenistanlylaryň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

“Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli edarasynyň we polisiýanyň raýat hem-de resmi eşikdäki işgärleri hristianlaryň Pasha baýramynyň bellenýän günlerinde, ýagny 5-nji we 12-nji aprelde Balkanabatdaky welaýatyň ýeke-täk hristian ybadathanasynyň daşynda reýd geçirdiler” diýip, ýagdaýlara şaýat bolan balkanabatly ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Ýagdaýlardan habarly we waka şaýat bolan birnäçe balkanabatlynyň aýtmagyna görä, reýdleriň çäginde asyl gelip çykyşy boýunça musulman milletlerine degişli bolan we soňky ýyllarda hristian dinini kabul eden türkmenistanlylaryň, şol sanda türkmenleriň, etniki gazaklara, tatarlaryň, azerileriň, kürtleriň, parslaryň we beýleki azlyklaryň wekilleriniň onlarçasy tussag edildi.

"Häkimiýetler metjitleriň ymamlaryny hem çekýärler"“Tussag edilenleriň sany 50 töweregi bolup, olar polisiýanyň we MHM-niň döwlet we hususy ulaglarynda alnyp gidildi. Bu raýatlaryň şahsyýetleri MHM tarapyndan öňünden öwrenilene meňzeýär. Sebäbi olar öňünden bilýän ýaly, soňky ýyllarda hristian dinini kabul eden türkmenistanlylar ybadathana golaýlan mahaly, onuň haýatyndan içeri goýbermän, sorag etmek üçin polisiýa bölümine alyp gitdiler” diýip, wakalara şaýat bolan balkanabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýerli polisiýa bölümindäki ygtybarly çeşmämiz hem bu maglumatlary tassyklap, polisiýa bölümine eltilen türkmenistanlylaryň kemsitmelere, basyşlara, haýbatlara we hatda fiziki zorluga sezewar edilendigini aýtdy.

“Bu raýatlardan ‘Size kim ýa-da kimler hristian dinine geçmäge çagyrdy? Size pul teklip etdilermi? Näme üçin yslam dinini terk etdiňiz?’ diýen ýaly başga-da ençeme soraglar berildi. Olaryň el telefonlary ýekän-ýekän barlandy. Ýanlary bilen alyp baran reňklenen ýumurtgalary zibile oklandy. Ýanynda Injil kitaby bolan raýatlar aýratyn otagda sorag edildi. Olara täzeden yslam dinini kabul etdirmek üçin dürli gynamalar, şol sanda fiziki zorluk, basyşlar we haýbatlar edildi” diýip, polisiýadaky çeşmämiz aýtdy.

Çeşmämiz häkimiýetleriň bu çärelere metjitleriň ymamlaryny hem çekýändigini belleýär. Onuň sözlerine görä, metjitleriň ymamlary asyl gelip çykyşy boýunça musulman milletlerine degişli bolan we soňky ýyllarda hristian dinini kabul eden türkmenistanlylar bilen wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýärler.

“Ymamlar olara musulman dinine gaýdyp gelmäge we toba etmäge çagyrdylar, ýogsa o dünýäde jähennemde baky ýanjakdygyny duýdurdylar” diýip, polisiýadaky çeşmämiz aýtdy.

Hristian dinini wagyz edýänlere we Ýegowa şaýatlarynyň wekillerine...Mundan başga-da, häkimiýetler hristian dinini wagyz edýänlere we Ýegowa şaýatlary dini akymynyň wekillerine garşy yzarlamalary hem güýçlendirip, reýdleri geçirýärler.

“Bu reýdleriň dowamynda tussag edilenler hem bar. Olaryň anyk sany belli däl. Ýöne olar ilki Balkanabatdaky sizoda saklanýar, soňra-da kazy olara nähili jeza berse şoňa görä Baýramalynyň türmesine ugradylýar” diýip, polisiýadaky çeşmämiz aýtdy.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada agzalýan sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden we din işleri boýunça bölüminden teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 41-nji maddasynda her bir adamyň özüniň dine garaýşyny özbaşdak kesgitleýändigi, onuň ýeke özi ýa-da beýleki adamlar bilen bilelikde islän dinine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga haklydygy nygtalýar.

Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýyllarboýy dürli din wekillerine, şol sanda musulmanlara görkezilýän dürli gysyşlar we ýanamalar barada habar berýärler.

Geçen aýyň ortalarynda Balkanyň häkimiýetleri Remezan aýynyň soňky günlerinde sakgal goýberýän raýatlara we hijab dakynýan aýal-gyzlara garşy basyşlaryny güýçlendirdiler. Bu raýatlar saklanyp, soraga çekildi we sakgalyny syrmaga, hijabyny çykarmaga mejbur edildi.

Halkara hasabatlarda Türkmenistanyň hökümeti raýatlaryň esasy azatlyklaryny, şol sanda din-wyždan azatlygyny çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýär.

Türkmenistanda raýatlaryň dini azatlyklarynyň bozulmagy dowam edýär diýlip, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Dini azatlyklar komissiýasynyň (USCIRF) geçen ýylyň 26-njy awgustynda ýaýradan ýyllyk hasabatynda Türkmenistany "aýratyn alada döredýän" ýurt hökmünde kesgitlemek teklip edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net