Özbegistan bilen Täjigistan bilelikdäki 10 taslama gol çekdi
Özbegistanyň we Täjigistanyň prezidentleri 26-njy martda Ýokary döwletara geňeşiniň birinji mejlisinde bilelikdäki 10 senagat hyzmatdaşlygy taslamasyna badalga berdi.
Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň beren habaryna görä, Şawkat Mirziýoýew bilen Emomali Rahmon bilelikdäki täze taslamalaryň simwoliki açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Bu taslamalaryň arasynda täze guruljak mebel we deri önümleri zawodlary, öý hojalyk enjamlarynyň önümçiliginiň giňeldilmegi, Täjigistanda guruljak dokma kärhanalary, Daşkentde guruljak ýaşaýyş jaý toplumy we söwda merkezleri, şeýle-de, Fergana sebitinde guruljak konserwirlenen iýmit kärhanasy bar.
Şeýle-de, Andijan sebitinde süýt önümlerini öndürýän desgalar, Surhanderýa sebitinde bolsa miwe suwyny we metal briketleri öndürýän desgalar işe girizildi.
Gepleşikleriň netijelerine görä, iki lider bilelikde strategik hyzmatdaşlygy we ýaranlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen beýannamany tassyk etdi.
