Tokaýew Erdogan bilen telefonda gürleşdi
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen telefonda gürleşdi diýip, Akordanyň metbugat gullugy habar berdi.
Gazagystanyň we Türkiýäniň prezidentleri söhbetdeşligiň başynda Oraza we Nowruz baýramlary mynasybetli mähirli gutlaglaryny paýlaşdylar. Türkiýäniň lideri Kasym-Žomart Tokaýewi milli referendumyň üstünlikli geçirilmegi we Gazagystanyň täze Konstitusiýasynyň kabul edilmegi bilen gutlady.
“Türkiýäniň prezidenti täze Esasy kanunyň Gazagystanyň mundan beýläk hem progressiw ösüşine, içerki we halkara mümkinçilikleriniň pugtalanmagyna güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi” diýlip, beýanatda aýdylýar.
Gazagystanyň prezidenti türk synçylaryna referendumyň geçirilmegine işjeň gatnaşandyklary we iki ýurduň arasynda däp bolan doganlyk we dostluk gatnaşyklarynyň häsiýetini şöhlelendirýän kömekleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Rejep Taýyp Erdogan 14-nji maýda Gazagystana meýilleşdirilen döwlet saparyna we bu saparyň dowamynda Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegine, şeýle-de, Türki döwletler guramasynyň öňde duran resmi däl sammitine uly ähmiýet berýändigini aýtdy.
