Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18 19 20
21
22
23 24 25
26
27
28
29
30
31

Uly Berdimuhamedow gazy Hytaýa artdyrmak boýunça 'bilelikdäki işleri' mälim etdi

0

Türkmenistan Hytaýa akdyrýan gazynyň möçberini ýarym esseden gowrak artdyrmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi we ýurtda hytaýly hünärmenleriň dowam edýän işiniň ‘giňeldiljekdigini’ aýtdy. Bu barada ozalky prezident, Halk maslahatynyň häzirki başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, 17-19-njy mart aralagynda Pekine eden sapary boýunça, Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki CGTN telekanlyna beren interwýusynda aýtdy. Türkmen mediasy söhbeti 20-nji martda çap etdi.

Energiýa bilermenleri häzir dünýäde dörän ýangyç krizisiniň arasynda Aşgabadyň, Pekiniň basyşy sebäpli, energiýa serişdeleri babatynda Hytaýa ‘doly garaşly bolup galmak howpy' barada duýdurýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kakasy, ýurduň içerki we daşarky syýasatynda entegem kesgitleýji rol oýnaýandygy aýdylýan Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa eksport edilýän türkmen gazynyň mukdary barada, öň açyk ýagdaýda elýeterli bolmadyk, käbir sanlary aýan etdi.

Oňa görä, Türkmenistan 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda ulanyşa berlen Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň üsti bilen, “ylalaşyga laýyklykda”, her ýyl 40 milliard kub metre golaý gaz iberýär. Şu ýylyň 1-nji martyna çenli sanlara laýyklykda bolsa, Hytaýa jemi hasapda 460 milliard kub metre golaý türkmen gazy akdyrylypdyr.

Söhbetiň dowamynda uly Berdimuhamedow Hytaýa her ýylda iberilýän gazyň möçberini 65 milliarda ýetirmek boýunça bilelikdäki işleriň alnyp barylýandygyny hem aýtdy.

Ol şeýle-de her ýyl goşmaça 10 miliard kub metr türkmen gazyny ibermäge mümkinçilik berjek Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň ýurduň günorta-gündogaryndaky ‘Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça halkara bäsleşigiň ýeňijisi bolandygyny hem mälim etdi.

“Ýurdumyzda hytaýly hünärmenleriň işi dowam eder we hem giňeler” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow hytaý mediasyna aýtdy.

Ol muny Pekine eden saparynyň çäklerinde, Hytaýyň ýolbaşçysy Si Szinpiniň Aşgabat bilen tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrmagynyň yz ýany aýtdy.

Şol bir wagtda, energiýa bilermenleri Pekiniň Eýrandaky uruş we Ýakyn Gündogardaky emele gelen ýagdaýlar sebäpli dörän ýangyç krizisiniň fonunda, hususanda Merkezi Aziýadaky geçirijiler arkaly energiýa üpjünçiligini berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdýarlar.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän “Methinks” geňeşdarlyk guramasynyň energetika howpsuzlygy boýunça bilermeni Jon Roberts Azatlyk bilen söhbetdeşlikde, Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň eksporty babatynda diňe Hytaýa bagly bolup galmak howpy barada duýdurdy. Ol Pekiniň Aşgabat bilen mümkin energiýa ylalaşyklaryny, Russiýadan gelýän gazy özüne has bähbitli şertlerde söwdalaşmak üçin ulanýan ýaly bolup görüýändigini belledi.

Bellesek, soňky ýyllar türkmen gazynyň Hytaýa iberilýän mukdarynyň azalýandygyny yzarlasa bolýar. Hytaýyň Baş gümrük müdirligine görä, 2025-nji ýylyň netijelerine laýyklykda, Türkmenistandan Hytaýa iberilýän gaz 12,1% azalyp, 8,41 milliard dollar bolupdyr. Deňeşdirme üçin, ondan öňki ýylda Türkmenistan Hytaýa 9,57 milliard dollarlyk gaz eksport edipdi. Sanlardan çen tutulsa, Aşgabadyň Hytaýy gaz bilen üpjün etmekdäki birinjiligini Russiýa berendigini görse bolýar.

Berdimuhamedow hytaý mediasyna beren interwýusynda, akdyrylýan gazyň bahasy barada maglumatlary bermedi. Ol Hytaýyň “ýurduň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygyny” aýdyp, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 20 esse artyp, her ýyl 9-10 milliard dollara ýetýändigini aýtdy. Ol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň arasynda energetika, ulag, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýa pudaklaryny dagy agzap geçdi.

Türkmenistan energiýa resurslarynyň, hususan-da gazyň eksport ugurlaryny artdyrmagy maksat edinýär. Geçen aý uly Berdimuhamedow ABŞ-a eden sapary bilen baglylykda Saud Arabystanynyň "Al Arabia" telekanalyna beren interwýusynda ýurduň "esasy maksadynyň" dünýäde dördünji uly gaz gorlarynyň serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýa etmekdigini nygtapdy. Şeýle-de bolsa, energiýa babatynda Hytaý onuň esasy müşderisi bolup galýar.

Türkmen gazy Hytaýa Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisiniň üç ugry – A, B we C – şahamaçalary arkaly iberilýär. 1 müň 833 kilometr uzynlygyndaky üç liniýa, Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça, biri-birine parallel ýagdaýda çekilen. Gaz geçiriji ulgamynyň umumy kuwwaty ýylda 55 milliard kub metr gaza niýetlenen. Häzirki wagtda dördünji D şahasynyň gurluşygy hem dowam edip, ol Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üstünden geçer we umumy kuwwaty 85 milliard kub metre çenli ýetirer.

Roberts Aşgabadyň degişlilikde gysga wagtda we az çykdajylar bilen amal edip boljak Günbatar ugry boýunça gaz geçiriji taslamalaryna ýykgyn etse hem ykdysady, hem-de syýasy taýdan bähbitli bolup biljekdigini nygtady.

"Gaz örän, örän gysga wagtda Hazar deňzinden geçirilip, eýýäm taýýar duran eksport ulgamyna, ýagny Azerbaýjanyň Şah Deniz gaz känine niýetlenip gurlan Günorta gaz geçelgesine goşulyp biler. Meniň pikirimçe, şol ugur arkaly örän çalt ýagdaýda takmynan 5 milliard kub metr gaz ibermek mümkinçiligi bar” diýip, bilermen belledi.

“Dünýädäki häzirki ýagdaý”Halk maslahatynyň başlygy döwletiň berk gözegçiligindäki türkmen mediasyndan tapawutlylykda, hytaýyň habar serişdesine, görnüşinden, Eýrandaky barýan uruş baradaky pikirlerini hem paýlaşdy.

Ol ABŞ-nyň we Ysraýylyň 28-nji fewralda eýran nyşanalaryna zarba urup başlamagyny, özüniň günorta goňşusy Eýranyň hem Ýakyn Gündogar ýurtlaryna, şol sanda energiýa desgalaryna garşy gaýtawul bermegini göni agzaman, hytaý mediasynyň “dünýädäki häzirki ýagdaý” baradaky soragyna “çylşyrymly” diýip jogap berdi we ýagdaýlary dialogyň üsti bilen kadalaşdyrmaga çagyrdy.

Ol Türkmenistanyň bitarap statusyna salgylanyp, ýurduň “halkara gatnaşyklarynda güýç ulanmak usullaryny kabul etmeýändigini” aýtdy.

“Munuň özi biziň üçin, iş ýüzündäki syýasy sorag bolman, eýsem ilkinji nobatda ahlak bilen baglydyr” diýip, Berdimuhamedow belledi we urşy bes etmek boýunça tagallalary artdyrmaga çagyrdy.

Ol soňundan “ýönekeý raýat hökmünde” hem garaýyşlaryny paýlaşdy.

“Atylan ok hiç haçan, gynansakda, yzyna gaýtmaýar. Ol sen harbymy, ýa-da esgermi, ýa ýönekeý raýatmy, ýa çagamy... saýgarmaýar. Sebäbi, gynansakda, diňe pida bolýar” diýip, Berdimuhamedow hytaý mediasyna gürrüň berdi.

Emma ne Gurbanguly, ne-de onuň prezident-ogly Serdar türkmen mediasynda günorta goňşusyndaky barýan uruş, serhetleriň işiniň çäklendirilmegi, galyberse-de bu sebäpli dörän azyk gytçylygy boýunça çykyş etmeýärler, umuman, urşy we onuň ýurda ýetirýän täsirlerini agzamaýarlar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net