The Insider: Orsýete garşy gadagançylykdan müňlerçe kompaniýa aýlanyp geçdi
6000-den gowrak daşary ýurt eksportçysy sanksiýa girizilen rus kompaniýalaryna we harby-senagat üpjün edijilerine haryt iberýär diýip, “The Insider” rus kompaniýalarynyň 2024–2025-nji ýyllar boýunça daşary söwda maglumatlaryny öwreneninden soň aýtdy.
Neşiriň maglumatyna görä, bu kompaniýalaryň esasy gelip çykan ýurtlary Hytaý (takmynan 4000), Türkiýe (takmynan 300), BAE (takmynan 120) we Hindistan (60) bolup durýar. Olar bilelikde, sanksiýa girizilen kompaniýalar we goranmak senagatynyň pudratçylary bilen, söwdanyň üçden iki bölegini emele getirýärler.
Mysal üçin, Hytaýyň “Henan New Silk Road International” kompaniýasy takmynan 3 million dollarlyk harydy, 100-den gowrak turboreaktiw hereketlendirijini import etdi. 80 kilogramlyk kuwwaty bolan hereketlendirijiler uly harby dronlarda ulanmak üçin amatly hasaplanýar. Öndüriji kompaniýa häzir ýok kompaniýa hökmünde görkezilýär, alyjy bolsa Orsýetiň sanksiýa girizilen “Chipdevice” kompaniýasy diýip, habarda bellenýär.
