Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18 19 20
21
22
23
24
25
26
27
28

Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ ugrandygyny habar beren döwlet mediasy birnäçe gün bäri onuň nirededigini aýtmaýar

0

Türkmenistanyň baş ýolbaşçylarynyň biri Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurt saparyna gideninden bäri birnäçe gün geçdi. Halk Maslahatynyň başlygy - Arkadagyň ABŞ sapara gidendigini 16-nji fewralda habar beren döwlet mediasyndan şondan bäri resmi beýanat bolmady. Garaşsyz habar çeşmelerdäki käbir maglumatlarda Berdimuhamedowyň ABŞ-nyň Florida ştatyna barandygy aýdylýar.

Türkmenistanyň uçary Fort Loderdeýl (Fort Lauderdale) howa meýdanynda diýlip "FlightRadar 24 Flight Spotters" atly toparda habar berildi. Facebook ulgamyndaky bu höwesjeňler toparynda 17-nji fewralda çap bolan teswirlerde "geçen gije gelip gondy" diýlip habar berildi.

"FlightRadar"-yň özünde Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistandan ugran uçarynyň hereketine degişli maglumat ýapyk dur.

Fort Loderdeýl ABŞ-nyň Florida ştatynda ýerleşýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistandan uçandan soň nirä gidip, nirä barandygy barada resmi habar bolmady. Türkmen resmileri onuň giden senesini hem anyk görkezmedi.

16-njy fewralda agşam döwlet telewideniýesi türkmen halkynyň milli lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ saparynyň başlanandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Habarlar Gullugy (TDH) saparyň planlary barada jikme-jik maglumat bermezden, "Türkmen halkynyň Milli Lideri ir bilen Halk Maslahatynyň Diwanyndan çykyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapar bilen ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerden ABŞ-a ugrady" diýip 16-njy fewralda ýazdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ sapara başlandygyny 17-nji fewralda habar berdi.

"Gundogar.media" garaşsyz neşiri Gurbanguly Berdimuhamedow "Aşgabatdan irden 16-njy fewralda däl-de, 15-nji fewralda uçup, ABŞ-a däl-de, Londona ugrady we ol ýerde 10 sagatdan gowrak wagt geçirdi diýip, ýazýar. Maglumatda Berdimuhamedowyň uçarynyň Atlantik okeanynyň üstünden 10 sagatlyk uçuşdan soň, Florida ştatynyň Fort Loderdeýl halkara howa menziline gonandygy bellenýär.

Bu maglumat henize çenli resmi taýdan ne tassyklandy, ne-de ret edildi.

Azatlyk Radiosy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabady haçan terk edendigi baradaky maglumaty garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bilmedi.

Türkmenistanyň prezidentiniň kakasy we Halk Maslatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm daşary ýurt saparlarynyň käbirine hut özi gidýär. Ol prezident wezipesinde 15 ýyllap ýurdy dolandyryp, 2022-nji ýylda döwlet wezipesinden çekilýändigini yglan edenden soň hem ýurda ýolbaşçylyk etmek ygtyýarlygyny saklap galdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy (AÝ/AR)ABŞ-nyň resmilerinden maglumat almaga synanyşdy. ABŞ-nyň administrasiýasynyň resmisi milli howpsuzlyk aladalaryny bahanalap, habarlary tassyklamakdan ýa-da inkär etmekden ýüz öwürdi. Şeýle hem AÝ/AR Döwlet departamentiniň resmisi bilen habarlaşdy, ol Döwlet departamentiniň "muny tassyklamak ýa-da inkär etmek mümkinçiliginde däldigini" aýtdy.

Bellesek, 19-njy fewralda Waşingtonda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň başlangyjy bilen döredilen Parahatçylyk Geňeşiniň ilkinji mejlisi geçiriler. Duşuşyga 20-den gowrak ýurduň wekilleri gatnaşar. Emma yglan edilen gatnaşyjylaryň arasynda Berdimuhamedow ýok.

Aşgabatda howpsuzlyk meselesi maslahat edildiABŞ-nyň we Türkmenistanyň arasynda geçen aýda howpsuzlyk meselesi ara alnyp maslahat edildi. 23-nji ýanwarda Aşgabatda ABŞ-nyň goşun ministri Deniýel Driskol ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serhio Goryň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň prezidenti we Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy.

Duşuşyklaryň dowamynda taraplaryň howpsuzlyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşandygyny, şeýle-de Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmäge ygrarlylygy tassyklandygyny türkmen döwlet metbugaty habar berdi.

Aşgabatda geçen aýda bolan şol gepleşikleriň jikme-jiklikleri barada maglumat berilmedi. ABŞ-nyň resmileriniň Türkmenistanda geçiren şol duşuşygy Birleşen Ştatlaryň Tähranyň hökümetine garşy harby çäre görmek baradaky haýbatlarynyň arasynda boldy. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň hökümetiniň ýanwaryň başynda dörän köpçülikleýin protestleri rehimsiz basyp ýatyrmagyna jogap hökmünde harby çäre görüp biljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Eýran bilen uzynlygy 1148 kilometrlik umumy serhedi bar. Serhet Türkmenistanyň günorta we günorta-günbatar böleginde Hazar deňzinden başlanyp, Köpetdag dag gerşiniň we Garagum çölüniň çäklerinden geçýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net