Arassaçylyk işgärleri iş wagtyndan daşary işledilýändiklerini, goşmaça hak tölenmeýändigini aýdýar
“Geçen hepdäniň ahyrynda birnäçe günläp ýagan ýagyş we gar köçelerde batgaly suwlaryň üýşmegine getirip, olar jaýlaryň bosagasyna çenli ýetdi. Köp adam aýakgaplaryny batgaly suwlara çümdürip, ýöremekde kynçylyk çekdi. Şu sebäpli ýolbaşçylar şäheriň arassaçylyk işgärleriniň tas ählisinden dynç günlerinde, şol sanda ýekşenbe güni hem köpçülikleýin işe çykyp, ýagyn suwlaryny, palçyklary arassalamaga mejbur etdiler” diýip, maryly arassaçylyk işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Arassaçylyk işgärleriniň ençemesi ýolbaşçylara özleriniň ýeke-täk dynç gününi öýlerinde çagalary bilen geçirmek isleýändiklerini düşündirmäge synanyşandyklaryny, ýöne olaryň, adatça bolşy, haýbat bilen jogap berendigini aýdýar.
“Ýolbaşçylar ‘häkim buýruk berdi’ diýip, ‘ işläsiň gelmese, işden çyk, ýeriňe işlejek adamlar taýyn dur’ diýdiler. Biziň tas ählimiz bu işe girmek üçin 30 müň manat para berdik. Köpler bu puly gyzyllaryny satyp ýa-da prosentine pul alyp berdi. Ýolbaşçylar muny bilýärler we şonuň üçin hem, iň bolmanda, beren paramyzyň öwezini dolýançak işlejegimizi bilip, bizi köplenç dynç günlerinde hem, hepdäniň ýedi güni işledýärler” diýip, maryly ýene bir arassaçylyk işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
"Bar, başga ýere arz et"Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde ýekşenbe güni umumy dynç alyş güni diýlip kesgitlenýär. Şeýle-de, kodeks bäşgünlük iş hepdesi mahalynda işgärlere hepdede iki dynç alyş güni, altygünlük iş hepdesi mahalynda bolsa bir dynç alyş güni berilmegini kepillendirýär. Kodeks işgäriň iş wagtyndan daşary işlenilen işler üçin goşmaça hak bilen üpjün edilmegini hem kepillendirýär.
Emma arassaçylyk işgärleri bularyň berjaý edilmeýändigini belläp, özleriniň dynç günlerinde çeken zähmeti, ýagny iş wagtyndan daşary işlenilen işler üçin goşmaça hakyň tölenmeýändigini hem aýdýarlar.
“Bu barada hiç kime ýüz tutup hem bolanok. Sebäbi haýsy edara arz etseň-de, seniň arzyňyz diňleýän adam ýok. Diňe ‘bar, başga ýere arz et’ diýip ugradýarlar” diýip, arassaçylyk işgäri günde 10 sagada çenli işledilýändiklerini belledi.
Onuň sözlerine görä, arassaçylyk işgärleriniň “agyr iş şertleri” munuň bilen hem çäklenmeýär. Olar saglyk ýagdaýy, şol sanda diş agry ýa-da beýleki hassalyklar zerarly lukmana ýüz tutmak üçin-de işden ýarym ýa-da bir günlük rugsat alyp bilmeýändiklerini hem aýdýarlar.
“Saglygyňy barlatmak üçin işe 1 sagat giç gelseň, ‘iş ýerini taşlap gitdi ýa-da işine wagtynda gelmedi’ diýip düşündiriş ýazdyrýarlar. Indi gaýtalansa, berk käýinç berip, işden çykarjakdyklaryny duýdurýarlar” diýip, arassaçylyk işgäri belledi.
"20-den gowrak işgär öz arzasy bilen işden gitdi"Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan arassaçylyk işgärleri “agyr iş şertlerine” çydaman, soňky birnäçe aýyň dowamynda 20-den gowrak kärdeşiniň öz arzasy bilen işden gidendigini hem aýtdylar.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Jemagat hojalygy müdirliginiň ýerli edarasy, şeýle-de Mary şäher häkimligi bilen telefon arkaly habarlaşyp, teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň mejbury arassaçylyk işlerine çekilmegi, şeýle-de gündelik iş sagadyndan artykmaç işledilmegi we munuň üçin goşmaça hak tölenmezligi bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.
2024-nji ýylyň awgustynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ençeme işgäri iş orunlarynyň yzygiderli kemeldilmeginiň, özleriniň iş ýüküniň dowamly artmagyna getirendigini habar berdi. Şonda olar özleriniň günde 12 sagada çenli işledilýändiklerini, ýöne goşmaça hak tölenmeýändigini hem aýdypdylar.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu aýdylanlar barada aç-açan mesele gozgap, maglumat bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
