Ispaniýanyň günortasyndaky otly häläkçiliginde azyndan 39 adam öldi
Ispaniýanyň günortasynda, Andalusiýadaky Adamuz şäheriniň golaýynda iki sany ýokary tizlikli otlynyň çakyşmagy netijesinde 39 adam öldi diýip, “El País” gazeti habar berdi.
Neşiriň maglumatyna görä, bu hadysa netijesinde 73 adam ýaralandy, olaryň 24-si agyr ýagdaýda.
Bu waka 18-nji ýanwar agşamynda boldy. Ispan metbugatynyň habaryna görä, Malagadan Madride barýan Iryo otlusy relsden çykyp, soňky wagonlaryň (altynjydan sekizinji wagonlara çenli) gapdaldaky ýola, ikinji liniýa agdarylmagyna sebäp bolupdyr.
Wagonlaryň agdarylan ýolundan Madridden Huelwa barýan Alvia (Renfe) otlusy gelýärdi.
Ölenleriň biri Alwianyň sürüjisi diýip, habarda bellenýär.
Otlynyň relsden çykmagynyň sebäbi heniz belli däl.
"Iryo otlysy täze diýen ýaly we relsler hem abatlanandy. Has takygy, bu bölekde relsleri çalşyrmak işleri maý aýynda tamamlandy. Heläkçilik örän geň; ol göni liniýada boldy. Biziň maslahatlaşan bilermenlerimiziň ählisi örän geň galýar" diýip, ulag ministri Oskar Puente aýtdy. Şeýle-de, ol ölenleriň sanynyň artmagynyň mümkindigini belledi.
Madrid bilen Andalusiýanyň arasyndaky ýokary tizlikli otly gatnawy togtadyldy.
