Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2026
1
2 3
4
5 6 7 8 9
10
11
12 13 14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Türkmenistanyň Eýran bilen serhetleşýän sebitlerinde howpsuzlyk işgärleriniň sany göz-görtele köpeldi

0
Türkmenistanyň günortada ýerleşýän goňşusy Eýrandaky köpçülikleýin protestleriň fonunda, türkmen häkimiýetleriniň bu ýurt bilen serhetýaka sebitlerde howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmegi dowam edýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji ýanwarda Ahal welaýatyndan maglumat berdi.
Bu aralykda, goňşy ýurtdaky protestler barada haýsydyr bir beýanat ýaýratmaýan Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň DIM-de Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirilendigini habar berdi.
“Häzirki günlerde göräýmäge ýagdaý parahat, ýöne häkimiýetleriň güýçlendirilen gözegçiligi Ahalyň Sarahs, Kaka, Altyn Asyr, Ak bugdaý etraplarynda has içgin göze ilip başlady. Hususan-da, Sarahsdaky ýollarda we bazarlarda polisiýa işgärleriniň sany göz-görtele artdy. Şeýle-de, raýatlaryň pasportlarynyň we beýleki dokumentleriniň barlanmagy hem köpeldi” diýip, sarahsly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýaşaýjylaryň ençemesi Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) ýerli edarasynyň we polisiýanyň esasy ünsüniň esasanam Sarahsyň pars dilli ilatyna gönükdirilýändigini hem aýdýar.
“Sarahs şäherinde we oňa ýanaşyk obalarda etniki parslaryň ýaşaýan kwartallarynda maşynlaryň we graždan eşikli hukuk goraýjylaryň köpelendigini görse bolýar. Olar bu raýatlara garşy haýsydyr bir çäre görmeýärler. Ätiýaçdan gözegçilik güýçlendirilene meňzeýär” diýip, sarahsly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Bellesek, ýurduň Eýran bilen serhetleşýän sebitlerinde etniki parslar kowçum bolup ýaşaýarlar. Türkmen häkimiýetleri olaryň sany baradaky statistikany mälim etmeýär.
Ýöne geçen ýylyň başynda Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan statistika edarasynyň işgäri ýurduň sebitlerinde kowçum bolup ýaşaýan etniki azlyklaryň resmi sanlaryna salgylanyp, etniki parslaryň Ahaldaky we Aşgabatdaky sanynyň azyndan 6 müň adama barabardygyny aýdypdy.
Goňşy ýurtdaky protestlerSebitde Internet üpjünçiligi hem doly diýen ýaly petikli bolmagynda galýar. Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi Internet petiklemeleriniň 9-njy ýanwardan bäri dowam edýändigini aýdýar.
Häkimiýetler bu ýagdaýlar barada ilat köpçüligine aç-açan düşündiriş bermeýär. Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi bu çäreleri amal edýän kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň hem sorag berýän raýatlary halamaýandygyny, olara şübheli çemeleşip başlaýandygyny aýdýar.
Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden resmi teswir almak boýunça edilýän synanyşyklar hem oňyn netije bermeýär.
Ýöne türkmen häkimiýetleriniň ýurduň Eýran bilen serhetleşýän sebitlerinde howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmegi we Internet üpjünçiligini petiklemegi, Eýranda köpçülikleýin protestleriň üçünji hepdesine giren mahalyna gabat geldi.
Goňşy ýurtdaky protestler 2025-nji ýylyň aýagynda, ýurtda dörän ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy netijesinde başlandy. Ilki başda olaryň esasy hereketlendiriji güýji köçe söwdagärleri boldy. Soňra proteste studentler we beýleki şäher ýaşaýjylary, esasan ýaşlar goşuldy. Netijede, şäherleriň köçelerinde Yslam Respublikasynyň režimine garşy aýdylýan şygarlar barha köp ýaňlanyp başlady. Protestlerde howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşyklar bolýar, hökümet binalary otlanýar.
Protestlerde näçe adamyň ölendigi anyk belli däl. ABŞ-da ýerleşýän adam hukuklaryny gorap çykyş edýän "HRANA" topary soňky 15 günüň dowamynda geçirilen protestlerde 544 adamyň öldürilendigini we 10 müň 600-den gowrak adamyň tussag edilendigini 11-nji ýanwarda aýtdy.
Howpsuzlyk çäreleriSarahsly ýaşaýjylaryň ençemesi “goňşy ýurtdaky protestleriniň fonunda, etrabyň çägine beýleki sebitlerden gelýän raýatlaryň we ýük ulaglarynyň ozal görlüp-eşidilmedik derejede berk barlanýandygyny” 12-nji ýanwarda gürrüň berdi.
Şonda habarçymyz şuňa meňzeş howpsuzlyk çäreleriniň Ahalyň Kaka, Altyn Asyr, Ak bugdaý, Bäherden we Balkan welaýatynyň Magtymguly, Etrek, Esenguly etraplarynda hem amal edilýändigini habar berdi.
Mundan başga-da, türkmen hökümetine ýakyn ygtybarly çeşmelerimiz ýurt häkimiýetleriniň goňşy döwletdäki protestlerden uly howsala düşýändigini we munuň bilen bagly görülmegi meýilleşdirilýän birnäçe çäräni taýýarlandygyny hem aýtdylar.
Türkmen DIM-de geçirilen duşuşykTürkmen häkimiýetleri goňşy ýurtda bolýan köpçülikleýin protestler barada haýsydyr bir reaksiýa bildirip, häzire çenli hiç hili beýanat ýaýratmadylar. Bu barada ýurduň resmi metbugatynda we hökümete tarapdar neşirlerde hem hiç hili maglumat berilmeýär.
Bu aralykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda çap edilen habarda 12-nji ýanwarda türkmen daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşyk geçirendigi mälim edildi.
“Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar” diýlip, habarda Eýrandaky köpçülikleýin protestler barada kelam agyz söz aýdylmaýar.
Bu aralykda, habarçymyz şu günler ahally we balkanly ýaşaýjylaryň arasynda goňşy Eýrandaky protestleriň iň köp gürrüňi edilýän temalaryň biri bolmagynda galýandygyny aýdýar.
Türkmenistanyň Eýran bilen umumy serhediniň uzynlygy 1148 kilometre barabar bolup, türkmen paýtagty ýurduň Eýran bilen serhedinden bary-ýogy 50 kilometr çemesi demirgazykda ýerleşýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net