Tramp Eýran bilen işleşýän ýurtlara 25% paç salynýandygyny aýdýar
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýran bilen işleşýän ýurtlara 25 göterimlik paç salynýandygyny yglan etdi.
"Eýran Yslam Respublikasy bilen işleşýän islendik ýurt şu günden başlap, ABŞ bilen amala aşyrylýan iş geleşikleriniň ählisi üçin 25% paç tölär. Bu buýruk gutarnykly we hökmanydyr" diýip, ol özüniň sosial media platformasynda, “Truth Socialda” ýazdy.
Bu hili çäre, “Bloomberg” agentliginiň ýazmagyna görä, ABŞ-nyň bütin dünýädäki esasy söwda gatnaşyklaryna täsir edip biler, sebäbi Eýranyň hyzmatdaşlarynyň arasynda diňe goňşy ýurtlary däl, eýsem Hindistan, Türkiýe we Hytaý ýaly ýurtlar hem bar.
Hytaý Eýran nebitiniň dünýäde iň uly alyjysy bolup durýar. Ýurduň nebiti gaýtadan işleýän garaşsyz zawodlary, geçen aýdan bäri, Eýran nebitini satyn almagyny has artdyrdy.
“Bloombergiň” bellemegine görä, Pekiniň önümlerine goşmaça 25% paç salynmagy Trampyň 2025-nji ýylyň aýagynda Hytaýyň başlygy Si Szinpin bilen baglaşan söwda ylalaşygynyň bozulmak töwekgelçiligini döredýär.
Tramp biraz öň Eýranyň liderleriniň "gepleşmek isleýändigini", ýöne Birleşen Ştatlaryň olar bilen duşuşmazyndan öň "hereket etmeli bolmagynyň mümkindigini" aýdypdy.
CNN ABŞ-nyň iki resmisine salgylanyp, Eýran režimine garşy göreşmegiň harby we harby däl usullarynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny habar berdi, sebäbi ABŞ-nyň prezidenti ABŞ-nyň harby zarbalarynyň Eýranyň ilatyny birleşdirmek ähtimallygyndan ätiýaç edýär.
Ara alnyp maslahatlaşylýan harby däl çäreleriň arasynda täze sanksiýalaryň girizilmegi, harby ýa-da hökümet infrastrukturasyna garşy ulanylyp bilinjek kiber hüjümleri, şeýle-de, protestçileri Starlink interneti bilen üpjün etmek mümkinçiligi bar.
Eýrandaky köpçülikleýin protestler 2025-nji ýylyň 28-nji dekabrynda ykdysady krizis, milli walýutanyň pese gaçmagy we inflýasiýanyň ýokarlanmagy bilen başlandy.
Protestler, ýurtda internet petiklenmezinden öň takmynan 120 şähere ýaýrady. Häkimiýetler demonstrasiýalary güýç bilen basyp ýatyrmaga synanyşýarlar.
Adam hukuklary aktiwistleriniň habar agentliginiň (HRANA) maglumatlaryna görä, 12-nji ýanwara çenli protestlerde 646 adam öldürildi, olaryň arasynda dokuz çaga hem bar. Eýranyň adam hukuklary guramasy 648 adamyň ölendigini habar berýär. Tussag edilenleriň sany 10 müňden gowrak diýlip çaklanylýar.
