"Biznes Türkmenistan" sarp edijilik inflýasiýasy barada habar çap edip, derrew aýyrdy
“Türkmenistanda sarp edijilik inflýasiýasy 2027-nji ýylda 3,9% çenli peseler” diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri 10-njy ýanwarda habar berdi. Emma bu habar soňra sahypadan aýrylana meňzeýär.
Berk döwlet gözegçiliginde we senzura astynda işleýän türkmen metbugaty, şol sanda hökümetçi neşirler ýurtdaky ykdysady krizis, milli manadyň ‘gözgyny’ ýagdaýy, ilatyň durmuş, eklenç kynçylyklary barada maglumat bermekden saklanýar.
Ýurtdaky sarp edijilik inflýasynyň indiki ýyl, aýlyklaryň we pensiýalaryň 10% ýokarlandyrylmagynyň bes edilen ýylyndan soň geljek ýylda peseljekdigi baradaky habar ilat arasynda bildirilýän nägilelikleriň ýokarlanan wagtynda çap edildi.
Emma bu habary açyp, okajak bolan okyjylar “ÝALŇYŞ: NO 404”, Gözlenilýan sahypa tapylmady” diýen ýazgy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Türkmen häkimiýetleri ýurda dörän ykdysady krizisi boýun almaýarlar we, manadyň iki – resmi we resmi däl kursunyň saklanmagy, bu ýagdaýdan döwlet ýolbaşçylaryna ýakyn adamlaryň peýdalanmagy ilatyň aglaba köpçüliginiň ýagdaýyny kynlaşdyrýar diýip, synçylar aýdýarlar.
