Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2026
1
2 3
4
5 6 7 8 9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

ABŞ-nyň Wenesueladaky harby hereketi Eýran üçin nämeleri aňladyp biler?

0

Prezident Donald Tramp, Wenesuelanyň lideri Nikolas Madurony wezipesinden gyrakladanyndan kän wagt geçmänka, ABŞ-nyň beýleki duşmanlaryna garşy hem harby çäre görmek haýbatlaryny atdy.

Maduronyň ABŞ-nyň 3-nji ýanwarda geçiren reýdinde tussag edilmegi Wenesuelanyň awtoritar dolandyryjysynyň ýakyn ýarany bolan Tährany sarsdyrdy.

Waşingtonyň Eýranda şuňa meňzeş operasiýa geçirmek ähtimallygy az bolup görünýär. Emma, bilermenleriň aýtmagyna görä, Wenesueladaky zoňtar hüjüm Tährana ABŞ-nyň öz duşmanlaryny ýok etmek üçin güýç ulanmaga hem taýýardygyny açyk-aýdyň yşarat etdi.

Tramp ýakynda Eýrana Waşingtonyň "söweşe taýýardgyny” we Tähran häzir hökümete garşy bildirilýän protestleriň dowamynda "parahat protestçileri" öldüren halatynda, bu aralyga goşulyşmaga taýýardygyny duýdurdy. Eýranyň howpsuzlyk güýçleri häzirki wagta çenli, döwletiň gazaply basyp ýatayrmalarynyň çäginde azyndan 19 protestçini öldürdi.

'Hameneýiniň özi nyşana alnyp bilner'Ekspertler Birleşen Ştatlaryň Wenesuela operasiýasyny Eýranda hem gaýtalap, 1989-njy ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan Ýokary lider Aýatolla Ali Hameneýini häkimiýetden çetleşdirmeginiň boljak zada meňzemeýändigini aýdýarlar.

Germaniýada ýaşaýan syýasy analitik Habib Hosseýnifard Wenesuelanyň ABŞ-nyň strategik "arka howlusynda" ýerleşýändigini, Eýranyň bolsa müňlerçe kilometr uzaklykda, Ýakyn Gündogarda ýerleşýändigini aýtdy. Şeýle-de, ol Yslam respublikasynyň has uly harby mümkinçilikleriniň we has berk syýasy ulgamynyň bardygyny aýtdy.

Şol bir wagtda, beýleki bilermenler ABŞ-nyň Madurony ele salmagynyň Tährana aladaly habar iberendigini aýdýarlar.

Haaga Amaly Ylymlar Uniwersitetinden Deýmon Golriziö pikiriçe, Maduronyň wezipesinden çetleşdirilmegi, hökümetlere basyş etmekden aňry geçip, Birleşen Ştatlaryň aýry-aýry liderleri nyşana alyp başlaýandygyny yşarat edýär.

"Öňki wakalardan tapawutlylykda, bu gezek Hameneýiň özi hem nyşana alnyp bilner" diýip, Golriz Azatlyk Radiosynyň Farda radiosyna aýtdy.

Hakykatdan-da, Ysraýyl bilen iýun aýynda bolan 12 günlük uruşda Ysraýyl Hameneýini öldürmäge gaty yhlas etdi, ýöne, Ysraýylyň goranmak ministri Israel Katsyň aýtmagyna görä, amaly taýdan ony nyşana almak "realistik däldi", sebäbi ol "ýer astynda gaty çuňluga gidipdi".

"Ýolbaşça ýakyn durmagyň bahasy indi ondan daşlaşmakdan has gymmat boldy" diýip, Jorj Waşington uniwersitetiniň mugallymy Mohammad Gaedi Radio Farda aýtdy. "Ýolbaşçynyň eldegrilmezligi baradaky gadaganlyk bozuldy" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Wenesuela sapaklary?Maduronyň häkimiýetden çetleşdirilmegi Eýranyň içinde Wenesuelada bolan zatlardan nähili sapak alyp boljakdygy baradaky çekişmeleri güýçlendirdi.

Konserwatiw metbugat serişdeleri ýurduň harby mümkinçiliklerine we sebitdäki ýaranlaryna salgylanyp, "Eýranyň Wenesuela däldigini" nygtaýarlar.

Hameneýiniň ýokary derejeli geňeşçisi Ali Şamhanä ýakyn bolan "Nour News" Wenesuelany "arzan nyşana" häsiýetlendirse, Eýrany "ýokary töwekgelçilikli sahna" hökmünde görkezdi.

Berk liniýaly metbugat serişdeleri hem bu aýdylýanlara ses goşdular. Yslam Rewolýusiýasynyň kuwwatly goragçylar korpusy bilen baglanyşykly "Jawan" gazeti Eýrany Wenesuela bilen deňeşdirmegiň "wagt ýitirmekdigini” öňe sürdi. Konserwatiw "Jahan" web sahypasy Birleşen Ştatlaryň Wenesueladaky harby hereketlerini etmäge Eýranda hem "synanyşandygyny we munuň başa barmandygyny" öňe sürdi.

Emma muňa garamazdan, aram seslerde seresap meňzeşlikleri görse bolýar.

Bu ýurtlaryň ikisi hem, Eýran-da, Wenesuela hem awtoritar ýurtlar bolup, häkimiýetler başgaça pikirlileri basyp ýatyrmak üçin zorluk ulandylar. Iki ýurt hem Birleşen Ştatlar tarapyndan sanksiýalara sezewar edildi we ägirt uly mineral baýlyklaryna garamazdan, ykdysady çökgünligiň penjesinde galýar.

Tähranly žurnalist Amir-Hosseýn Mosalla Maduronyň "öz halkynyň protestlerine göz ýumandygyny", özgertmeleri geçirmekden ýüz öwrendigini we "ähli diktatorlaryň ykbaly bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny" aýtdy.

Tähranyň Şarif Tehnologiýa Uniwersitetiniň alymy Ali Şarifi-Zarçi Maduronyň "uly nebit gorlarynda oturyp, halkyny garyplykda saklap, taryhyň hapa çelegine taşlanan ýene bir diktator bolandygyny" aýtdy.






Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net