ABŞ Atlantik okeanynda rus baýdakly tankeri ele saldy
ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleri Russiýanyň kölege flotunyň nebit tankerini Atlantik okeanynyň demirgazygynda saklap, ele saldy. Bu, Waşingtonyň Wenesuela nebitiniň bikanun söwdasy bilen baglanyşykly gämilere garşy alyp barýan birnäçe çäresiniň soňkusydyr.
ABŞ-nyň Ýewropa serkerdeligi 7-nji ýanwarda sosial mediada ýaýradan beýanatynda ýakynda Russiýada “Marinera” hökmünde täzeden bellige alnan “Bella 1” nebit tankeriniň Wenesuelanyň garşysyna girizilen sanksiýalary bozmaga synanyşandygyny belläp, onuň Islandiýa bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky demirgazyk Atlantik okeanynda ele salnandygyny aýtdy.
Ak Tamyň metbugat wekili Karolin Liwit (Karoline Leavitt) Waşingtonyň tanker deňizde öz baýdagyny rus baýdagyna üýtgedensoň, ony “döwletsiz” hasaplaýandygyny aýtdy.
“Bu sanksiýa girizilen nebiti daşaýan Wenesuelanyň kölege flotunyň gämisidir. Gämi galp baýdak göterenden soň döwletsiz diýlip hasaplandy we onuň konfiskasiýa edilmelidigi barada kazyýet karary bardy, şonuň üçin tankeriň ekipažy sud jogapkärçiligine çekiler” diýip, ol Ak Tamda geçirilen brifingde žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy.
Russiýanyň parlamentiniň daşary işler komitetiniň başlygy Leonid Slutskiý TASS habar agentligine beren interwýusynda muny “deňiz kanunçylygynyň we BMG-niň konwensiýalarynyň bozulmagy” atlandyrdy.
