Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2025
1 2 3
4
5
6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24
25
26
27 28 29 30 31

Ahalda ilata arzan bahadan çäkli möçberde satylýan doňdurylan et üçin dükanlarda uly nobatlar döredi

0
Aşgabat, Balkanabat we Türkmenabat şäherlerinden soň, Ahal welaýatynyň döwlet dükanlarynda hem arzan bahadan doňdurylan et satuwa çykaryldy. Sebitde bir kilogram sygyr etiniň bahasy 120 manada ýetýän mahaly, alyjylara çäkli möçberde satylýan doň etiň hyrydary köp bolup, onuň söwdasyna polisiýa tarapyndan gözegçilik edilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy oktýabrda sebitden maglumat berdi.
“Häzir döwlet dükanlarynda 1 kilogramy 35 manatdan süňksiz, ýagly doňdurylan et satylýar. Ýörite peçat basylan bu etden her adama 100 manatlyk plastik pakede salyp berýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Dükanlaryň öňündäki uzyn nobatlarda duran alyjylaryň käbirleri bu etden has köp mukdarda satyn almaga çalyşýar. Ýöne dükan satyjylary onuň çäkli möçberde satylýandygyny aýdyp, ondan kesgitlenilenden has köp mukdarda bermeýärler.
Şol bir wagtda, nobatlara gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň käbirleri alyjylar dükanyň daşyna çykandan soň, olary saklap, olara “islendik mukdarda et tapyp bermegi” teklip edýärler.
“Ýöne polisiýa işgärleri alyjylara bu etiň her bir kilogramynyň 40 manatdan boljakdygyny aýdýarlar. Olar “näçe kilogram gerekdigini aýtsaň, öýlän taýyn edeýin” hem diýýärler. Şeýdip, her 1 kilogram etden 5 manat peýda görýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly ahally ýene bir alyjy anonimlik şertinde aýtdy.
Dükan satjylyarynyň we ýaşaýjylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, polisiýa işgärleriniň käbirleri bolsa, günde 20-25 kilogram eti 35 manatdan satyn alyp, öz hususy ulagyna ýükleýärler.
“Bu polisiýa işgärleri hem dükanlarda arzan et gutarandan soň, kim isleg bildirse, öz ulagyndaky etiň her bir kilogramyny 40 manatdan satýarlar. Dükan satyjylarynyň arasynda hem, halkyň agzyndan alyp, arzan etiň bir kilogramyny 40 manatdan garbanyşhanalary, restoranlary, kafeleri işledýänlere satýanlar bar” diýip, dükan satyjy anonimlik şertinde aýtdy.
Habarçymyz häzir sebitiň bazarlarynda ýerli sygyr etiniň bir kilogramynyň 120 manada ýetýändigini aýdyp, ýaşaýjylaryň 40 manatdan satylýan eti hem uly höwes bilen alýandygyny belleýär.
“Dükan satyjylarynyň ençemesi bu etiň nireden getirilendigini bilmeýändiklerini, ýöne özlerine munuň göläň eti diýlendigini aýdýar. Etiň satuwynyň näçe wagt dowam etjekdigi barada häzirlikçe anyk maglumat ýok” diýip, ahally ýaşaýjy belledi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Ahalyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda ýerli söwda edarasyndan we polisiýa bölüminden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda soňky birnäçe aýyň dowamynda ýerli goýun we sygyr etleriniň bahasy tapgyrlaýyn esasda takmynan 40% gymmatlady. Iýul aýynda Türkmenabatda hususan-da, 80 manada duran çylka etiň bir kilogramy birden 105 manada ýokarlandy. Häzirki wagtda ýurduň dürli sebitlerinde bir kilogram etiň bahasy 120 manada çenli ýetýär.
Etiň bahasynyň gymmatdygy barada sosial ulgamlaryň türkmen dilli ulanyjylary hem ýygy-ýygydan wideo maglumatlary paýlaşýarlar.
Bu habarlaryň arasynda, häkimiýetler geçen aýdan ýurduň käbir sebitlerinde arzan bahadan doňdurylan etiň söwdasyny ýola goýup, ondan çäkli möçberde satyp başladylar.
Türkmenistanlylaryň we ýerli synçylaryň ençemesi daşary ýurtlardan import edilendigi aýdylýan bu etiň ýurtdaky et gymmatçylygynyň arasynda, halky köşeşdirmek üçin wagtlaýyn satuwa çykarylýandygyny belleýärler.
Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda azyk howpsuzlygynyň döredilmegi üçin uly işleriň edilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlasa-da, etiň bahasynyň gymmatlamagy ýa-da doňdurylan etiň arzan bahadan satuwa çykarylmagy barada hiç hili gürrüň gozgamaýarlar. Ýurduň metbugat serişdelerinde hem bu ýagdaýlar barada hiç zat aýdylmaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net