Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2025
1
2
3
4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15
16
17 18 19 20 21 22
23
24 25 26 27 28 29
30
31

Býujet işgärleri gowaçanyň çürtüm işlerine çekilýär

0

Balkan welaýatynyň administratiw merkezinde býujet işgärleri Bereket etrabynyň gowaça meýdanlarynda çürtüm işlerine çekilýärler. Ýogsa olar, geçen hepdelerde 'Awaza' milli syýahatçylyk zolagynda güýçlendirilen arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini tamamlap, ýaňy-ýakynda sebit paýtagtyna dolanypdy.

“Işgärler 6-njy awgustda ýörite awtobuslarda Bereket etrabynda ýerleşýän gowaça meýdanlaryna köpçülikleýin alnyp gidildi” diýip, Balkan welaýat häkimliginiň oba hojalyk bölüminiň bir resmisi anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

“Häkim gowaça meýdanlarynda çürtüm işleriniň gysga wagtda doly tamamlanylmalydygyny, öňümizdäki hepdäniň dowamynda özüniň bu hili ideg işleriniň üstünlikli ýerine ýetirilendigi barada prezidente hasabat berjekdigini aýdýar” diýip, oba hojalyk resmisi sözüniň üstüni ýetirýär.

Ol özüniň çürtüm işleriniň guramaçylygyna ýolbaşçy bellenendigini belläp, şäherde döwlet awtobuslarynyň ählisiniň işçi daşamaga çekilýändigini aýdýar.

Käbir edaralarda işgärleriň hut özleri gowaça meýdanlaryna alnyp gidilse, beýlekilerde olar öz orunlaryna hakyna tutma işçi ugratmak bilen borçlandyrylýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy munuň bilen baglylykda saglyk we bilim edaralarynda, hassahanalarda we mekdeplerde işgärlerden pul serişdeleriniň ýygnalyp alynýandygyny habar berýär.

Bir saglyk işgäri habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde gowaçanyň çürtüm işlerine niýetläp, öz edaralarynda her bir işgärden 60 manat möçberinde pul serişdesiniň ýygnalyp alynýandygyny aýdýar.

Şäheriň mekdeplerinde mugallym bolup işleýän beýleki bir sebit ýaşaýjysy bilim edaralarynda hem işgärlerden öz orunlaryna gowaça çürtümine hakyna tutma işçi ugratmagyň, ýa-da özleriniň gatnaşmagynyň talap edilýändigini aýdýar.

Balkanabat şäher hassahanasynyň bir şepagat uýasy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde özleriniň çürtüm işlerine gatnaşmaga çekilendiklerini gürrüň berdi. Ýöne olar kärdeşler bolup, bu problema boýunça baş lukmana garşylyk bildiripdirler.

Olar özleriniň saglyk pudagynyň işgärleri bolandyklaryny ýatladyp, daýhançylyk bilen meşgullanmaýandyklaryny aýdypdyrlar, hiç bolmanda, işiň gapdalyndan talap edilýän goşmaça işler üçin özlerine töleg geçirilmegini talap edipdirler.

“Bir hepde gaýrat ediň, men bir alajyny tapjak bolaryn. Meniň hem sizden artyk ýerim ýok, bize-de häkim buýruk berýär. Mugallymlar hem çürtüm işlerine hakyna tutma adam ugratmaly, ýa-da özleri gatnaşmaly. Eger-de gowaça meýdanlaryna çürtüm işlerine gatnaşmakdan boýun towlasaňyz, MHM işgärleri bize azar berýär” diýip, baş lukman öz garamagyndaky işgärlere ýüzlenipdir.

Bu duşuşyga gatnaşan şepagat uýasy özleriniň mejbury işlere gatnaşmaga razy bolmakdan başga saýlaw-seçgileriniň ýokdugyny aýdýar.

Ýatlasak, welaýatyň býujet işgärleri birnäçe hepde mundan ozal “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän bir halkara maslahatyň öňüsyrasynda arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerine mejbury çekildi.

Bereket etraby Balkanabat şäherinden 130 km töweregi gündogarda ýerleşýär. Mejbury zähmete çekilýän raýatlar tomsuň yssysynda özleriniň açyk meýdanda gowaçanyň ideg işlerine gatnaşdyrylmagyna garşylyk bildirýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy hakyna tutulýan işçileriň arasynda okuwçy ýaşlaryň hem bardygyny aýdýar.

“Olar täze okuw ýylyna niýetläp, täze egin-eşikleri, okuw esbaplaryny satyn almak maksady bilen, pul tölegleriniň öwezine, çürtüm işlerine gatnaşýarlar” diýip, balkanabatly ýaşaýjylar aýdýar.

Ýerli ýaşaýjylar okuwçy ýaşlaryň yssy howada gowaçanyň ideg işlerine gatnaşmagyna häkimlik resmileriniň göz ýumýandygyny aýdýarlar.

Bu aralykda, köpçülik transport serişdeleriniň gowaça çürtümine adam daşamaga çekilmegi bilen, welaýat merkezinde awtobus gatnawlary ymykly seýrekleşdi.

“Taksiler ýetişmeýär, duralgada adam köp. Howanyň temperaturasy 38 gradusdan aşdy” diýip balkanabatly ýaşaýjy aýdýar.

Galyberse-de, edara-kärhanalaryň işgärleriň köpçülikleýin gowaça çürtümine çekilmegi şäheriň hyzmatlar pudagynda işleriň tas togtamagyna getirýär diýip, ýerli ýaşaýjylar.

“Zir-zibilleri toplaýan adamlar bolmansoň, zibiller wagtynda alnyp gidilmeýär. Şäherde awtobus gatnawlary tas togtady, saglyk hyzmatlaryna ýüz tutýan adamlar kösenýär. Bu ýagdaý şäher durmuşyna ýaramaz täsir edýär” diýip, balkanabatly aýtdy.

Türkmenistanda her ýyl ýüzlerçe müň gektar meýdanda döwlet tabşyrygy esasynda gowaça ekilip, onuň ekiş, ideg, şol sanda otag we çürtüm, galyberse-de hasyl ýygnamak işleri býujet işgärlerine goşmaça ýük bolýar.

Türkmenistan dünýäde pagta öndürýän esasy ýurtlaryň hatarynda bolup, adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar ýyllarboýy ýurduň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny tankytlap gelýärler.

Azatlyk Radiosy günbatar welaýatda býujet işgärleriniň gowaçanyň çürtüm işlerine mejbury çekilmegi barada welaýat häkimliginden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net