Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2025
1
2
3
4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15
16
17 18 19 20 21 22
23
24 25 26 27 28 29
30
31

'Altyn diş, mermer daş' Balkanyň gonamçylyklarynda ogurlyk köpelýär

0

Balkanabatda we onuň töwereginde ýerleşýän gonamçylyklarda soňky günlerde dürli görnüşli ogurlyk hadysalary hasaba alnypdyr. Ýerli polisiýa gözleg işlerini geçirýär.

Balkanabadyň gündogar böleginde "Rus gonamçylygy" diýilýän hristian mazarlygynda, şäheriň günbatar bölegindäki "Gara ahun" we "Gaýyp işan" gonamçylyklarynda guburlaryň gazylmagy we merhumlaryň jesetleriniň talanmagy, şol sanda olarda altyn diş gözlenmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ençemesi ýüze çykypdyr.

"Bu ýerde guburlary gazyp, jaýlanan meýitleri açyp, jesetlerdäki altyn dişleri alyp-satmak hadysalary we guburlardaky mermer daşlary, haýatlary ogurlap satmak ýagdaýlary öwrenilýär, ýöne henize çenli jenaýatyň üsti açylmady" diýip, balkanly polisiýa işgäri gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan balkanlylaryň gürrüň bermegine görä, gonamçylykdaky bu ýagdaý ýakynlarynyň ýatan ýerine zyýarat etmäge baran olaryň hossarlary tarapyndan anyklanypdyr.

"Golaýda ene-atalaryny we ýakynlaryny jaýlan adamlar zyýarat etmäge gonamçylyga baranda guburlaryň açylandygyny we gymmatbaha mermer daşlary goýulan mazarlardan daşlaryň ogurlanandygyny bilip galdylar. Olar dessine gonamçylyklara jogapkär işgärlere we polisiýa ýüz tutup, bu jenaýatlaryň üstini açmagy soradylar. Şondan soň iş gozgalyp, soňra beýleki raýatlar-da öz ýakynlarynyň mazarlaryna baryp, ýagdaýlary anyklap başladylar" diýip, balkanly ýaşaýjy gürrüň berýär.

Bu ýagdaýdan habarly çeşmelere görä, polisiýa ilkibaşda gonamçylykdaky gabyr gazýanlary we jaýlamak işine gatnaşýan beýleki işgärleri we müjewürleri sorag edipdir.

"Olaryň bu jenaýatlary etmändigi belli bolansoň, Balkanabatdaky ähli gyzyl alyp satýan söwdegärleri soraga çekdiler. Şeýle-de, gubur daşlaryny we haýatlary satyp boljak ýerler barlandy, ýagny gurluşyk harytlarynyň söwdasyny edýän telekeçiler hem soraga çekildi" diýip, çeşme gürrüň berýär, emma derňewleriň entek anyk netije bermändigini belleýär.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý dogrusynda Balkan welaýatynyň häkimiýetlerinden we polisiýa ýolbaşçylaryndan resmi teswir alyp bilmedi.

Emma mazarlyklardaky ogurlyk hadysalary ýerli din wekilleriniň çykyşlarynda agzaldy. Hususan-da, geçen hepdäniň anna güni juma namazynda metjitlerde edilen wagyzlarda adamlardan gonamçylyklardan habar almaga we ogurlyk hadysalaryndan hüşgär bolmaga çagyryş edildi.

"Adamlar, ýakynlaryňyz aýrylan wagty, gyzyl dişi bolsa aýyrdyp, soň jaýlaň' diýip, metjit ymamlary 'bu hili jenaýatlarda merhumyň gyzyl dişiniň bardygyndan habarly tanyşdyr-ýakynlarynyň eli bolmagy mümkin' diýen manyda gürleýärler" diýip, çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.

"Öňler demir haýatlar, ýa-da mermer daşlar ogurlanyp satylýar diýseler geň görerdik. Indi bolsa has erbet işleri edip başladylar, hatda gonamçylykdaky ýatan bendileriň guburyny gazmak ýaly jenaýatlara gorkman baş goşýarlar" diýip, balkanly ýaşaýjy aýdýar.

Mundan ozalky ýyllarda Azatlygyň habarçylary gonamçylyklarda mazarlaryň daşyndaky demir haýatlaryň ogurlanýandygyny barada habar beripdi. Şeýle-de, soňky ýyllarda metjitlerde ogurlyk hadysalary köpelipdi, şol sanda gapyda duran köwüşler ogurlanypdy.

Türkmenistanda hökümet tarapyndan boýun alynmaýan ykdysady kynçylyklaryň we halkyň garyplaşmagynyň fonunda ýurtda bolýan dürli ogurlyk we talaňçylyk hadysalary ýygy-ýygyndan köpçülige mälim bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net