Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2025
1 2 3 4
5
6
7 8 9 10 11
12
13
14 15 16 17 18
19
20
21 22 23 24 25
26
27
28 29 30 31

Balkanly harbylar Garaşsyzlyk baýramy üçin maşklara çekilýär

0

Balkan welaýatyndaky harby-deňiz flotunyň we guryýer goşunlarynyň harbylary Aşgabada ugradylyp, iki aýdan bellenjek Garaşsyzlyk baýramy üçin ýörite taýýarlyklara we maşklara çekilýär. Emma harby bölümlerde esgerleriň agramy bilen bagly mesele ýüze çykdy.

Balkanly harbylaryň köpçülikleýin paýtagta ugradylmagy 27-nji sentýabrda bellenýän Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyklar bilen bagly. Harby parada gatnaşdyryljak esgerleri saýlamak işine aýratyn üns berilýär.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşme şeýle diýýär:

"Ofiserler, esgerler we deňizçi studentler harby parada taýýarlyk üçin Aşgabadyň Bekrewe diwiziýasyna ugradyp başlandy. Harbylar esgerleriň iýmit ýetmezçiligi sebäpli aşa horlanyp, boýlary 1,80 metr uzynlykdaky esgerleriň kilesini ölçänlerinde olaryň agramy 60 kilogramdan geçmeýär".

"Medisina batalýonlarynyň lukmanlary esgerleriň tas ählisiniň agramy kadadan pes bolansoň, bu ýagdaýdan çykalga tapmaýarlar we esgerleriň agramyny galplaşdyrýarlar" diýip, ýene bir çeşme aýdýar.

"Mysal üçin 180 santimetr boýly esgeriň agramyny azyndan 75 kg edip, ýazýarlar we 55-60 kg agramly esgerleri 27-nji sentýabrda geçmeli parad taýýarlygyna ugradýarlar" diýip, çeşme deňiz-serhet goşunyndaky ýagdaýy suratlandyrdy.

Balkanly çeşmeler ýurtda her ýyl uly dabara bilen bellenýän baýramçylyklara, şol sanda harby paradlara gatnaşdyrmak üçin esger saýlamagyň birnäçe ýyl bäri problema bolýandygyna ünsi çekýärler.

"Soňky ýyllarda parada gatnaşan esgerleriň ýüzinde ýagy ýok. Hor we aç esgerleri gatnaşdyrýarlar" diýip, çeşme belleýär.

Balkan welaýatyndaky harby bölümleriň ýagdaýyndan habarly birnäçe çeşme goşunlarda azyk üpjünçiliginiň uly meselä öwrülendigini, soňky ýylda azyk ýetmezçiliginiň has hem erbetleşendigini we bu barada ýerli harby resmileriň Goranmak ministrligine ýazýan arzalarynyň wagtynda we kadaly seredilmeýändigini gürrüň berdiler.

"Bir ýyldan bäri gündelik esger ertirligi üçin 30 gramdan berilmeli mesge ýagy berilmeýär. Ýumurtga hem 6 aýdyr doly kesildi. Et bir hepde gelse, ikinji hepde gelmeýär. Esgerlere gaýnadyp çaý hökmünde berilýän gury almalar hem berilmeýär, hepdesine bir sapar garpyz berýärler ol hem ýa bişmedik, ýa-da çüýrän bolup, çykýar. Esgeriň tas ählisiniň aşgazany ýa gastrit ýa-da ýaraly" diýip, balkanly harby aýdýar.

Harbynyň sözlerine görä, tas ähli goşun bölümlerinde şol bir agyr ýagdaý.

"Esgerleriň iýmitini bugdaý ýarma, kepekli çala bişen buhanka çöregi, 3-nji sort ownuk tüwi, käte möhleti geçen, içi gurçukly bolýan halatlary hem seýrek däl. Şeýle-de etsiz çorba, kelemli ýa-da şugundyrly, ol hem ýagsyz bişýär" diýip, çeşme gürrüň berdi.

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy uly dabaralar bilen bellenýär. Birnäçe aý öňünden başlanýan taýýarlyklara ilatyň ähli gatlaklary köpçülikleýin çekilýär. Döwlet baýramçylyklarynda, şol sanda Garaşsyzlyk güni geçirilýän harby paradlarda döwrebap tehnikasynyň dürli görnüşleri, harbylaryň we esgerleriň müňlerçesi görkezilýär.

"Türkmenistan harby kuwwatyny görkezmek üçin parad geçirýär. Emma aç esgerleri göreniňde buýsanmagyň deregine, rehimiň gelýär. Üstesine, esgerler Bekrewede 2 aýlap, her gün 15 sagatlap dynuwsyz dabaraly ýöriş maşklaryna gatnaşýarlar. 45 gradus gyzgyn günüň aşagynda maşk edýän esgerlere bu agyr zähmeti üçin goşmaça iýmit hem berilmeýär. Keselleýän we heläk bolýan esgerler hem bolýar" diýip, harby maşklaryň geçişinden habarly çeşme gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hökümeti harbylaryň üpjünçiligini gowulandyrmagy ileri tutýan meseleleriň arasynda agzap, ýaragly güýçleriniň maddy-tehniki ýagdaýyna üns berilýändigini aýdýar. Daşary ýurtlardan täze harby enjamlar we ýaraglar satyn alynýar. Emma ýaragly güýçlerdäki problemalar ne hökümet, ne-de döwlet mediasy tarapyndan agzalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net