Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2025
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Lebaply býujetçiler gan tabşyrmaga mejbur edilýär

0
Реклама
Top 6 nutrition questions men should ask themselves after 40

To maintain health and remain full of energy, men will be helped by this

Gündogar welaýatynyň döwlet edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärler ýene bir mejburlyga boýun bolmaly edildi. Býujet işgärlerinden gan donory bolmak talap edildi.

Lebabyň administratiw merkezinde we gür ilatly ýaşaýyş nokatlarynda ýerleşýän býujet edaralarynyň işgärlerine, hatda dynç alyşdaky zähmetkeşlere olaryň gan tabşyrmaga borçlydygy iş ýerlerinden habar berlipdir.

“Men zähmet rugsadyna çykdym, müdiriň terbiýeçilik işler boýunça orunbasary jaň edip: 'Gan bankyna baryp hökmany gan tabşyrmasaňyz bolanok' diýip, buýruk berdi” diýip, türkmenabatly mekdep mugallymy 12-nji iýunda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan birnäçe lebaply býujet işgäriniň sözlerine görä, olara iş ýerlerinde berlen bu tabşyrygyň sebäpleri düşündirilmändir.

Raýatlaryň saglygyny goramak hakyndaky Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, 18-60 ýaş aralygyndaky raýatlar sagat we ganynyň möçberi özüne ýeterlik bolan ýagdaýynda meýletin gan donory bolup bilýärler we hiç kim raýaty donor bolmaklyga mejbur edip bilmeýär.

Kanunçylyga laýyklykda, donorlar gan tabşyran günleri işden boşadylýar we olara goşmaça dynç günleri berilýär. Emma muňa garamazdan, býujet işgärleriniň sözlerine görä, bu kanun iş ýüzünde ýerine ýetirilmeýär. Gan tabşyrmaga mejbur edilýän raýatlara boş gün berilmeýär.

“Mekdebiň müdiri: ‘size hökümet onsuz hem 45 gün zähmet rugsadyny berýär. Şol size ýeterlik!’ diýmek bilen bize goşmaça dynç güni bermekden ýüz öwürdi” diýip, zähmet rugsady döwründe mejbury gan tabşyrmak işine çekilen lebaply mugallym gürrüň berdi.

Şeýle mejbury çärä çekilen beýleki bir býujet edarasynyň hasapçysy, öz işleýän ýerinde işgärleriň saglyk ýagdaýlaryna seretmezden ählisiniň gan tabşyrmaga ugradylandygyny belläp, kimiň gan tabşyrmaga ýaramaýandygynyň keselhanada anyklanandygyny gürrüň berdi.

“Biz gan bankyna 8 adam bolup bardyk. Şol ýerde üç adama gan tabşyrmagyň gadandygy belli boldy, olar öýlerine gitdiler. Şeýdip biziň wagtymyzy boş sarp etdiler” diýip, hasapçy gürrüň berdi.

Türkmenistanda býujetden aýlyk tölenýän edaralaryň işgärleri ýyllarboýy dürli mejburlyklara mejbur edilip gelýär. Häkimiýetler olaryň iş wagtyndan mugtuna peýdalanýar we zähmet hakyndan dürli maksatlar üçin pul tutup galýar. Emma býujet işgärleri muňa garşy çykyp bilmeýär, olara işden kowulmak haýbaty atylýar.

Ilatyň gan tabşyrmaga mejbur edilmegi bilen bagly soňky çäreleriň sebäplerini anonimlik şertinde söhbetdeş bolan türkmenabatly resmi gan donorlarynyň halkara gününiň golaýlamagy bilen düşündirdi.

"Gan donorlarynyň güni BMG tarapyndan kabul edilen senedir. Türkmenistan elmydama halkara gurmalaryna görkezmek üçin şeýle çäreleri geçirip durýar. Halkara guramalar hem bu zatlary bilýärler, emma olaryň halkyň hal ahwaly bilen işi-derdi ýok” diýip, çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Türkmenistan 14-nji iýunda bütin dünýä gan donorlarynyň gününi belläp geçýär.

Mundan öň ýurtda gan tabşyrmak mejburlygyna, hususan-da administratiw jogapkärçiligine çekilen we jerime töläp bilmedik raýatlar, şol sanda aliment bergisini berip bilmedikler çekilipdi.

Şeýle-de, maddy ýagdaýy gowşak maşgalalaryň öz hossarlarynyň operasiýasy ýa-da beýleki medisina hyzmatlary üçin töläp bilmedik halatynda gan tabşyrýan ýagdaýlary köpelipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Москва нацелена на технологическую независимость: Собянин и Гарбузов в деле!


Реклама
The most beautiful beach towns with cheap living

A huge number of people around the world dream of one day breaking out of the daily routine

Спорт в России и мире
Москва

Школьные футбольные команды Хакасии поборются за звание лучших в Москве


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Карен Хачанов

Хачанов прошёл во второй раунд турнира в Халле на траве


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Правила для парковок электроавтомобилей подготовило МЧС





Путин в России и мире
Москва

«На Москву полетят “Томагавки». Спасайтесь!»: Скурлатов обрушился на команду Путина


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

«Нутром чую: кинем работать — будем воевать»: Лукашенко сделал неожиданное заявление




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Berliner Zeitung: Сорванная на G7 встреча Зеленского и Трампа стала ударом для Киева


Навальный в России и мире

Реклама
The most beautiful beach towns with cheap living

A huge number of people around the world dream of one day breaking out of the daily routine


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



VK Fest

Воздушные фаны: AY YOLA в Лужниках, Найк Борзов на VK Fest



Москва

Иран направил США ноту протеста после угроз Трампа

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net


Реклама
I bought a watermelon in the market weighing 130kg.

but when he cut it, he was very surprised. It was inside