Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2025
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

'Mejbury tomaşaçy' meselesiniň çözgüdi 'halk durmuşynyň gowulanmagynda' - Synçy

0
Реклама
The most beautiful beach towns with cheap living

A huge number of people around the world dream of one day breaking out of the daily routine

Döwlet eýeçiligindäki metbugat 11-nji iýunda Türkmenistanyň saýlama futbolçylarynyň Aşgabatda geçirilen bäsleşikde Taýlandyň ýygyndy toparyny 3:1 hasabynda ýeňendigini, oýny görmäge 15 müňden gowrak tomaşaçynyň gelendigini habar berdi. Emma çeşmeler boş orunlary doldurmakda ulanylan adamlaryň köpüsiniň mejbury ýagdaýda getirilendigini, sportuň hem indi ‘barha kän süteme öwrülýändigini’ öňe sürýärler.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen futbol janköýerleriniň birnäçesi bu oýna hakyky janköýerleriň goýberilmändigini aýtdy we resmi metbugatda berlen tomaşaçy sanlaryny hem sorag astyna aldy.

10-njy iýunda geçirilen duşuşyk 3:1 hasaby bilen jemlendi, Türkmenistanyň çykyş edýän D toparçasynyň beýleki duşuşygynda Şri-Lankanyň milli ýygyndysy öz meýdanynda Hytaý-Taýpeýiň milli ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. Şeýle-de, Türkmenistanyň toparynyň soňky oýunlardan soň 6 utuk gazanyp, toparçada birinji orny eýeländigi, 3 utukdan toplan Taýlandyň hem-de Şri Lankanyň ýygyndy toparlarynyň bolsa, degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýeländigi habar berildi.

"Tomaşaçy" ýalany“Habarda bu ýaryşy görmäge 15,545 tomaşaçynyň gatnaşmagy aýdylýar. Bu 20 müň çemesi tomaşaça niýetlenen stadion üçin az adam däl, emma telewideniýede efire berlen wideoda boş orunlaryň kändigini görse bolýar. Beýle ýalany birinji gezek görmeýäris” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Azatlyk milliardlarça dollar harçlanyp gurlan sport desgalarynyň köplenç boş durýandygy, häkimiýetleriň olary ýurtda gazanylandygy aýdylýan ösüşleri magtamak üçin ulanýandygy barada ozalam habar beripdi.

Soňky döwürde, syzyp çykaýan habarlardan görnüşine görä, häkimiýetler halk içinde işsizlik, durmuş kynçylyklary sebäpli köpelýän we sosial ulgamlarda paýlaşylýan tankydy pikirlerden alada galýarlar diýip, aşgabatly synçy aýtdy:

“Türkmenistanda hökümetiň ilaty buýsançly we ruhubelent ýagdaýda saklamak barada edýän tagallalary güýçlendirilýär, ýurt daşyndan ygtybarly myhmanlardan başga adamlaryň içerik goýberilmezligi, ýurt içinden MHM tarabyndan ygtybarly hasap edilmeýän adamlaryň daşary ýurtlara goýberilmezligi baradaky talaplar saklanýar.”

Onuň sözlerine görä, milli telewideniýede irden agşama çenli “garaşsyzlyk, bitaraplyk mahabatlandyrylýar, asmanyň arassadygy, ýurt parahatçylygynda ähli pudaklaryň pajarlap ösýändigi” tekrarlanyp, adamlar ‘bizar edilýär’.

Awstriýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhammmet Hanamow Türkmenistanyň “mejbury tomaşaçy” meselesiniň ýeke çözgüdiniň bardygyny, halkyň aladasyny etmelidigini aýtdy.

"Halkyň ýagdaýyny gowulandyrsaň, stadiona özi geler"“Halkyň ýagdaýy gowy bolsa, aladalary az bolsa, şonda özleri stadiona geler. Halkyň ýagdaýy agyr bolsa, küýi-pikiri nädip maşgalamy eklärkäm, iş taparmykam diýip aladaly ýaşap ýören halk hiç wagt kellesine stadionam gelmez, şoňa barmaldyr hem öýtmez.”

Azatlyk maý aýynda Türkmenistanyň, halkara derejesinde buýsanyp boljak üstünlikler kän bir gazanylmansoň, kiçeňräk halkara ýeňişlerini hem, hökümetiň guramalaşdyrýan mejbury çäreleri bilen mahabatlandyrmaga çalyşýandygyny habar beripdi.

Şonda anonimlik şertinde gürleşen ýerli synçy 'Arkadag' futbol klubynyň täze ýeňşi baradaky pikirlerini paýlaşypdy.

Iki ýyl ozal Arkadag şäherinde esaslandyrylan 'Arkadag' futbol topary golaýda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň üçünji derejeli Çagyryş ligasynyň oýunlarynyň final duşuşygynda Kambojanyň 'Swaý Rieng' topary bilen ýaryşyp, 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Toparyň halkara ýaryşlarda gazanan ilkinji möhüm ýeňşi Türkmenistanda mejbury çäreler bilen utgaşdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy şonda ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň bu ýeňiş mynasybetli Arkadag şäherinde 12-nji maýda geçirilen köpçülik çäresine mejbury çekilendigini habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин: Тоннель проведем под водой


Реклама
Top 6 nutrition questions men should ask themselves after 40

To maintain health and remain full of energy, men will be helped by this

Спорт в России и мире
Москва

«Реал» сыграл вничью в дебютном матче тренера Алонсо на клубном ЧМ-2025


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
ATP

Теннисист Медведев одержал 400-ю победу на турнирах ATP


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Фестиваль «Эко-Москва» пройдёт в столице 20—22 июня





Путин в России и мире
Москва

«Они все отдадут». Пекин послал Москве важный сигнал


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко: Беларусь является сторонником углубления евразийской интеграции




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Berliner Zeitung: Сорванная на G7 встреча Зеленского и Трампа стала ударом для Киева


Навальный в России и мире
Москва

Московскому депутату Гришину Мосгорсуд ужесточил наказание, заменив штраф колонией


Реклама
The most beautiful beach towns with cheap living

A huge number of people around the world dream of one day breaking out of the daily routine


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Сергей Брановицкий

Кабинет Артиста в Яндекс. Кабинет Артиста в Яндекс Музыке.



Москва

Два часа во власти гения

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net


Реклама
I bought a watermelon in the market weighing 130kg.

but when he cut it, he was very surprised. It was inside