AÝ/AR-nyň žurnalisti Andreý Kuzneçik, köp çaganyň ejesi Ýelena Möwşuk we ABŞ raýaty belarus türmesinden boşadyldy
Azat Ýewropa/ Azatlyk radiosynyň prezidenti Stiwen Kapus Kuzneçigiň boşadylmagy baradaky habar barada gürrüň edip, şeýle diýdi: "Bu Andreý, onuň aýaly we iki ýaş çagasy üçin şatlykly gün. Üç ýyldan gowrak wagta çeken aýralykdan soň, bu maşgala prezident Trampyň arkasyndan ýene bir ýerde. Biz döwlet sekretary Rubio we onuň toparyna, şeýle-de Litwa hökümetine bu işde beren goldawlary üçin minnetdar".
"Biz öz žurnalistimiz Igor Losikiň hem tussaglykdan boşadylmagyna umyt baglaýarys" diýip, Kapus korporasiýanyň Donald Trampyň administrasiýasynyň bu ugurda görjek çärelerine bil baglaýandygyny aýtdy.
Kuzneçik, "Azatlyk" radiosynyň Belarus gullugynyň telegram kanalyny dolandyrýardy. Ol 2021-nji ýylyň 25-nji noýabrynda tussag edildi.
