Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2023

Lebapda gazanç üçin Demirgazyk Kipre gidýän köpeldi

0
Lebap welaýatynda Demirgazyk Kipre wiza almak üçin ýüz tutýanlaryň sany köpelýär. Pasport, wiza we beýleki zerur dokumentleri almakda dürli kynçylyklaryň saklanýan wagtynda adamlar ýurduň daşyna çykmak üçin dürli mümkinçilikleri gözleýärler.


Türkmenabat säherinde daşary ýurtlara gitmek isleýänlere syýahatçylyk wizasyny taýýarlap berýän birnäçe edara hereket edýär, şol sanda "Lebap syýahat", "Kerwen merjeni", "Gadymy miras" atly wiza merkezleri.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy syýahatçylyk wizasyny alyp, Demirgazyk Kipre gidýänleriň has köpelendigini wiza merkezleriniň işgärlerine salgylanyp, habar berýär: "Häzir syýahatçylyk wizasy üçin ýüz tutýan raýatlaryň köpüsi Demirgazyk Kipre isleg bildirýär. Her gün Lebabyň sýýahatçylyk wiza şahamçalarynyň her birinde Kipriň wizasy üçin resminama tabşyranlaryň sany 15-20 adama ýetýär".




Lebapdaky wiza merkezleri birnäçe ýurda, şol sanda Orsýete, Germaniýa, Hindistana we Özbegistana syýahatçylyk wizasyny taýýarlap berýär.


Wiza merkezleriniň biriniň işgäri Demirgazyk Kipre wiza almagyň käbir düzgünleri barada şeýle gürrüň berdi:"Demirgazyk Kipre syýahatçylyk wizasyny almak üçin hökman şol ýurduň raýatlygy bolan adamdan çakylyk haty gerek bolýar. Bu çakylyk hatyny ibermek üçin ençeme resminama talap edilýär. Bu çakylygy edýän kipr raýatynyň bank hasaby, ätiýaçlandyryş kepilnamasy, polisiýadan alnan resminama gerek bolýar. Dokumentleri toplap Lebapdaky wiza merkezlerine ýüz tutup, wiza goýduryp bolýar".


Habarçymyzyň sözlerine görä, köpçülik wiza üçin çakylyk hatyny we zerur dokumentleri toplamak üçin Demirgazyk Kiprde öňden bäri ýaşaýan ýakynlarynyň ýa-da tanyşlarynyň kömeginden peýdalanmaly bolýarlar.


"Kiprde tanyşyň bolmasa, çakylyk hatyny almak mümkin däl. Kiprde önden işläp ýören türkmenler çakylyk etdirmek üçin kipr raýatyny tapýarlar we öz dogan-garyndaşyna, tanyş-bilişine Kipre gelmek üçin ýardam edýärler" diýip, habarçy aýdýar.


Wiza üçin ýüz tutan raýat ähli zerur kagyzlary toplap, wiza merkezine tabşyransoň dokumentler Aşgabatdaky wiza merkezlerine ugradylýar we wizanyň taýyn bolmagyna 20 gün garaşmaly bolýar.


Habarçymyz Lebapdaky wiza merkezleriniň wiza alan müşderilerine bilet satyn almaga-da ýardam berýändigini, emma onuň bahasynyň 30-40% ýokary bolýandygyny belledi. Demirgazyk Kipre aşmak üçin başda Aşgabatdan Stambula barmaly.




Azatlygyň habarçylary syýahatçylyk wizasyny alýanlaryň köplenç baran ýurtlarynda gazanç etmek üçin galýandygyny belleýärler.


Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň arasynda daşary ýurtlara gazanç üçin gidenler köp, indi gidýänler hem köpelýär. Habarçylar welaýatda tas her bir maşgalada daşary ýurtlarda işläp ýören agzasynyň bardygyny belleýärler.


Geçen ýyla çenli wizasyz bolan Türkiýe türkmen raýatlarynyň iň köp barýan ýurdudy. Soňky ýyl türkmen raýatlary gazanç we okuw üçin Orsýete, goňşy Özbegistana we Gazagystana has köp gidip başlady. Şeýle-de, ABŞ-nyň "Green card" lotereýasyna gatnaşýan türkmen raýatlarynyň sany esli köpeldi.


Türkmen häkimiýeti migrasiýa ýagdaýyny açyk agzamaýan hem bolsa, ýurtda wiza we pasport almak ugrunda saklanýan ägirt uly nobatlar ilat arasynda ýurduň daşyna çykmak islegleriň örän uludygyny görkezýär.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net