Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2023

Türkmenabatda jemgyýetçilik transportynyň amatsyzlyklary ýerli ýaşaýjylaryň gatnawyny kynlaşdyrýar

0
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gijöýländen soň döwlet eýeçiligindäki jemgyýetçilik transport serişdeleriniň gatnawy kemelýär, könelişen hususy awtobuslarda dyknyşyk emele gelýär, giç agşamdan soň şäher ýaşaýjylary diňe hususy taksi hyzmatlaryna bil baglamaly bolýarlar.


Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy şäheriň transport kynçylyklary barada sebitden maglumat berýär.


Ýerli ýaşaýjylar Lebap welaýatynda jemgyýetçilik ulag serişdelerine gözegçilik edýän transport kärhanasynyň öýlän sagat 17:30-dan soň öz awtobus gatnawlaryny bes edýändigini aýdýarlar. Döwlet awtobuslary kärhananyň awtoparkyna çekilýär.


Ýolagçylar gijöýlän köçelere diňe hususy awtobuslaryň çykarylýandygyny aýdýarlar. Hatardan çykan jemgyýetçilik transport serişdeleri seýrek gatnaýar we agşamky awtobuslarda dyknyşyk emele gelýär.


Bu ýagdaý gijöýlän öz işlerini tamamlaýan edara-kärhanalaryň işgärleriniň gatnaw kynçylyklaryndan ejir çekmegine sebäp bolýar.


Ýöne hususy awtobuslaryň gatnawy hem uzaga çekmeýär. Birnäçe sagat soň, olar hem gündelik işini bes edýärler.




Ýerli ýaşaýjylar giç agşamdan soň diňe hususy taksileriň hyzmatlaryna bil baglamaly bolýandyklaryny, gijelerine şäherde jemgyýetçilik transport serişdeleriniň asla hereket etmeýändigini aýdýarlar.


“Hususy taksi sürüjileri hem garaňky gatlyşandan soňra töleglerini iki esse ýokarlandyrýarlar” diýip, ýolagçylar aýdýar.


Şäheriň iň iri jemgyýetçilik transport ugry günorta sebitde ýerleşýän köpugurly bazardan başlap, demirgazyk ugry boýunça şäheri kesip geçýär we Hywaly etrapçasyna çenli uzap gidýär. 35 kilometr töweregi uzynlygy bolan bu ugurda 35-40 töweregi duralga ýerleşýär.


Şäheriň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalaryň ençemesi iri marşrutyň ugrunda ýerleşýär.


Edara-kärhanalarda işlerini tamamlap, öýlerine gaýtmakçy bolýan ýerli ýaşaýjylar giýjöýländen soň ýola çykýan köne, sowetler döwründe öndürilen jemgyýetçilik ulag serişdelerinden peýdalanmaly bolýarlar.


Şäheriň amatsyz transport ulgamy edara-kärhanalaryň işgärleri bilen bir hatarda ýönekeý ýaşaýjylar üçin hem gündelik kynçylyklary döredýär.


Iri awtobus marşruty uly ýaşaýyş jaý massiwleriniň hem deňinden geçýär.


Döwlet awtobuslarynyň giçden soň awtoparklara çekilip, bu ugur boýunça diňe hususy awtobuslaryň seýrek gatnawyna ýol berilmegi, duralgalarda garaşýan adamlaryň köpelmegine, awtobuslarda bolsa dyknyşygyň emele gelmegine sebäp bolýar.




“Giçden soň ýeke gapyly “Gaz-53” kysymly hususy awtobuslar köçe çykýar. Duralgada garaşýan adamlaryň biri ýa ikisi awtobusa münüp ýetişýär, galanlary sygmaýar. Awtobusyň içi adamdan doly. Dyknyşyk bolýar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy gürrüň berýär.


Giç agşam hususy awtobuslar hem öz işini bes edýär.


Şäherde giçden soň bir ýerden başga ýere gitmeli bolýan adamlar diňe hususy taksileriň hyzmatlaryna bil baglamaly bolýarlar. Bu taksiler hem, ýolagçylara görä, giçden soň ýol töleglerini iki esse gymmatladýarlar.


Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäheri ýurduň iri şäherleriniň biri bolup durýar.


Türkmenistanda ähli pudaklarda, şol sanda transport pudagynda köplenç diňe Aşgabat şäheriniň ösdürilmegine uly üns berilýär. Etraplar we obalar, hatda sebitleriň merkezleri ünsden düşürilýär.


Azatlyk Radiosy Türkmenabat şäherinde jemgyýetçilik transportynyň amatsyzlyklary boýunça ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmedi.


Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri sebit ýaşaýjylarynyň ýüzbe-ýüz bolýan gündelik kynçylyklary, şol sanda transport gatnawlary bilen bagly päsgelçilikler barada habar bermeýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net