Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2023

Türkmenistan ilkinji gezek aýallara sürüjilik rugsatnamasynyň berilmezligini 'düşündirdi'

0
Türkmenistanyň häkimiýetleri zenanlara sürüjilik şahadatnamasyň berilmezligi meselesini ilkinji gezek agzadylar we zenanlara awtoulag sürmäge dokument bermegiň ret edilmegi barada resmi düşündiriş berdiler. BMG-nyň Ženewada geçiren uniwersal döwürleýin synynyň 44-nji mejlisinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili G.Weliýew bu mesele barada hasabat berdi.

 


BMG-niň ýygnagynda çykyş eden türkmen resmisi ýurtda hiç hili ygtyýarnamasyz maşyn sürýän köp sanly aýalyň tapylandygyny, howpsuzlygy üpjün etmek üçin derňew başlanyp, şol döwürde aýallaryň ulag sürmek ukybynyň wagtlaýyn togtadylandygyny aýtdy.


"Bu çäreleriň çäginde ýol polisiýasy belli bir wagt aralygynda zenanlary saklap, olarda sürüjilik şahadatnamasynyň we sürüjide bolmaly beýleki serişdeleriň bardygyny ýa ýokdugyny seresaplylyk bilen barlady. Bu olaryň jynsyna garamazdan amal edildi. Şu günki gün barlag doly tamamlandy. Netijede, zenan sürüjiler [ulaglary] dolandyrýarlar" diýip, IIM-niň wekili 6-njy noýabrda BMG-nyň Ženewadaky ýygnagynda aýtdy.




Türkmen resmisi barlagyň tamamlandygyny we aýallaryň awtoulag sürüp biljekdigini aýtdy. Weliýew muny "akreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň üsti bilen barlamagy" teklip etdi.


Şeýle-de, türkmen resmisine görä, 2018-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli ýurta aýal-gyzlara jemi 9721 sürüjilik şahadatnamasy berlipdir.


Türkmenistanly zenanlar özlerinde bar bolan sürüjilik şahadatnamalaryny ulanmakda, möhleti geçenlerini uzaltmakda we täzesini almakda ençeme ýyl bäri kynçylyk çekip gelýärler.



 




Türkmen polisiýasy 2017-nji ýylda zenanlaryň sürüjilik dokumentlerini eden-etdilikli ellerinden alyp başlady, soňra zenanlara sürüjilik dokumentini bermekden ýüz öwrüldi. 2022-nji ýylda sürüjilik resminamasy çäkli görnüşde berlip başlandy, emma şu ýylyň başyndan bäri ony almak islän zenanlar babatynda täze çäklendirmeler girizildi.


Oktýabr aýynda aýal-gyzlar sürüjilik mekdeplerine kabul edilmekde nobatdaky ýaş çäklendirmeleri bilen ýüzbe-ýüz boldular. Sürüjilik mekdeplerinde ýaş zenanlara olary okuwa kabul etmezlik boýunça özlerine transport we içeri işler edaralaryndan tabşyrygyň gelip gowşandygy aýdyldy.


Täze talaba görä, sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin aýalyň ýaşy 41 bolmaly. Şu ýylyň başyndan bäri 40 ýaşyny doldurmadyk aýal-gyzlar sürüjilik şahadatnamasyny alyp bilmeýärdi. Şeýle-de, zenanlardan nika hakyndaky şahadatnama we iş ýerinde häsiýetnama talap edilýär.


Ženewadaky ýygnakda Türkmenistanda zenanlaryň hukuklary we gender deňligi meselesini türkmen delegasiýasynyň beýleki agzalary hem agzadylar. Olar ýurtda aýallar meselesine üns berilýändigini umumy sözler bilen belläp, hususan-da bilim ugrunda gender deňliginiň berjaý edilýändigini we haklara tejribeleriň ulanylýandygyny, geçirlen ilat ýazuwynyň netijesine gör, ilatyň ýarsynyň zenanlardygyny aýdyp geçdiler.




Emma türkmen resmileriniň halkara jemgyýetçiligine beren hasabatlarynda ýurtda aýallaryň daş keşbine, geýimine we özüni alyp barşyna edilen berk gözegçilik we öň görlüp-eşidilmedik basyşlar agzalmady. 2022-nji ýylyň aprel aýynda zenanlara göz-gaşyny, saçyny, dyrnaklaryny reňklemek, botoks we beýleki gözellik amallary gadagan edildi. Zenanlardan işden kowulmak haýbaty bilen özüne serenjam bermekden ýüz öwürýändigi halynda dil hat talap edildi, işini ýitirenler hem boldy. Köçelerde ýaglyksyz ýa-da adamsy bilen elleşip baran zenanlar polisiýa tarapyndan saklandy.


BMG-niň Adam hukuklaryň geňeşiniň 44 sessiýasynyň 6-njy noýabrda geçirilen maslahatynda türkmen resmileri ýurduň soňky 4,5 ýylda adam hukuklary boýunça halkara borçlaryny ýerine ýetirişi barada hasabat berdiler. Olar ýurduň BMG-niň talaplaryny ýerine ýetimek boýunça üstünlik gazanandygyny öňe sürdüler.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net