Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2023
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28
29
30 31

Aşgabatda azyk paýlaryny dükanlaryň arka gapysyndan hususyýetçilere satmak tejribesi ‘möwjeýär’

0
Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan paýlanmaly azyk önümleriniň dükanlaryň arka gapysyndan hususy telekeçilere we taraplara uly mukdarda satylmagy bilen bagly tejribe gaýtadan ýüze çykdy. Bu barada döwlet dükanlarynyň we paýtagtyň söwda edarasynyň birnäçe işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Bu waka, ýurduň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan paýlanmaly azyk harytlarynyň gytçylygynyň saklanyp galýan mahalyna gabat gelýär.


“Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýokary derejeli resmileri dükanlara jaň edip, azyk harytlarynyň kime berilmelidigini aýdýarlar. Bular esasan söwda resmileriniň tanyşlary ýa garyndaşlary, ýa-da olara para beren telekeçiler bolýar” diýip, söwda resmisi anonimlik şertinde 23-nji oktýabrda gürrüň berdi.


Onuň tassyklamagyna görä, käte bu önümler güýç gulluklaryna, döwlet syýasatyny propaganda edýän sungat işgärlerine hem satylýar. Bu adamlar esasan daňdan ýa-da gije garaňkyda gelip, bu harytlary ulaglara ýükläp alyp gidýärler.


“Bu ýagdaý, dükanlarda öňden hem az mukdarda iberilýän ýeňillikli azyk önümleriniň düýbünden ýok bolmagyna getirýär. Olar ýeňillikli bahadan satyn alan harytlaryny üçünji taraplara bazar nyrhyndan satýarlar. Şol sebäpli döwlet dükanlarynda tapdyrmaýan harytlar hususyýetçilerde erkin satylýar” diýip, dükan satyjysy gürrüň berdi.




Azatlygyň bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden we paýtagtyň söwda edarasyndan kommentariý almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.


Dükanlarda ilata paýlanmaly azyk önümleriniň dükanlaryň arka gapysyndan restoran eýelerine, howpsuzlyk işgärlerine we hususy telekeçilere uly mukdarda goýberilýändigi barada Azatlyk mundan ozal hem ençeme gezek habar berdi.


Ýöne geçen ýylyň maýynda türkmen telewideniýesinde aglap "toba edýän" ozalky azyk resmileriniň görkezilmeginiň yz ýany bu baradaky habarlaryň gerimi birneme azalypdy. Şonda baş prokuror Batyr Atdaýew prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berip, Ahal welaýatynyň, Aşgabat şäheriniň söwda bölümlerinde we dükanlarynda geçirilen barlag-seljerme işleriniň netijesinde uny we ösümlik ýagyny açyk söwdadan gizläp, gymmat bahadan satan raýatlaryň ýüze çykarylandygyny aýdypdy.


Türkmenistanlylaryň ençemesi bu problemanyň diňe Aşgabatda we Ahalda däl, tutuş ýurt boýunça "agyryly meseledigini" aýdyp, bu çykyşlaryň problemany çözmäge däl-de, hamana, "meseläniň günäkärleri tapyldy" diýmek maksady bilen, diňe "halkyň gözüni boýamaga" gönükdirilendigini belläpdiler.


Ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň üpjünçiliginiň ýagdaýy indi alty ýyl çemesi wagt bäri ýaramaz bolmagynda galýar. Ýöne bu ýagdaý soňky iki ýyla golaý wagtyň dowamynda has-da ýitileşdi. 


Soňky aýlarda dükanlarda ilata ösümlik ýagy we un ençeme aýlap gijikdirilip paýlanýar. Daňdan garaňkyda nobata durup başlaýan ýaşaýjylara çörek doly ýetmeýär.


Türkmenistanyň hökümeti we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri bu ýagdaýlar barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net