Azerbaýjan oppozisiýa aktiwistini 20 gün tussaglyga höküm etdi
Azerbaýjanyň halk fronty partiýasy Bahyşlaynyň syýasy sebäpler esasynda tussag edilendigini, onuň prezident Ylham Alyýewi internetde tankytlandygy üçin jezalandyrylandygyny öňe sürdi.
Bahyşly 2018-nji ýylda neşe serişdelerini bikanun saklamakda aýyplanyp, alty ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Soň onuň türme möhleti üç ýyl azaldyldy we Bahyşly prezidentiň köpçülikleýin günä geçiş karary esasynda 2021-nji ýylyň başynda azatlyga çykaryldy.
